Tehnikalar ekişe taýýar

5 Fewral 2021
822

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda üstümizdäki ýylyň pagta hasyly baradaky Karara gol çekmegi bilen, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda işleriň depgini has-da güýçlendirildi. Welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Döwletli etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda hem ekiji tehnikalaryňdyr enjamlaryň abatlygy doly gözden geçirildi.

Etrapdaky merkezi ussahanada we Dostlukdaky, Daşrabatdaky bölümlerde tehnikalardyr enjamlar täze möwsüme doly taýýar edildi. Şu ýyl gowaça ekişinde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli tehnikalaryň onlarçasy işlediler. Olaryň ählisi milli Liderimiziň tagallasy bilen soňky ýyllarda satyn alnan tehnikalardyr.

Maksat ÖWLÜÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Döwletli etrap birleşmesiniň hünärmeni.