Meýdan işleriniň depgini artýar

4 Fewral 2021
787

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzyň häzirki günlerinde durmuşyň dürli ugurlarynda üstünlikli işler alnyp barylýar. Senagat, gurluşyk, medeniýet, bilim we beýleki ulgamlarda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly döwrümiziň ösüşdir özgertmelere beslenen ajaýyp günlerimizde türkmen daýhanlarynyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatdaky alyp barýan işleri hem öwgä mynasypdyr. Şu günler gallaçylar ýaşajyk maýsalaryň idegini birkemsiz ýetirýärler, pagtaçylar ýaz ekişine ykjam taýýarlyk görýärler, gök ekerançylar bolsa, saçagymyza bereket goşjak ter gök önümleriň ýetişdirmegiň aladasy bilen gümradyr.

Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri hem häzirki meýdan işleriniň her birine jogapkärli çemeleşýärler. Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, etrabyň pagtaçy kärendeçileri sürüm geçirilmegi meýilleşdirilen 23 müň 400 gektar meýdanda bu işi tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar, gallaçylar bolsa, däne ekilen 41 müň gektar meýdandaky maýsalara agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edýärler.

Ogulgerek GURBANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.