Öňde jogapkärli möwsüm

4 Fewral 2021
746

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýaz ekişine ählitaraplaýyn taýýarlykly barmagyň möhümdigi barada aýdanlaryndan we beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Ak bugdaý etrabynda möwsüme taýýarlyk işlerine has-da giň gerim berildi. Etrapda gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleriniň hiline we onuň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine aýratyn üns gönükdirilýär. Bu işde ýokary iş öndürijiligi bolan traktorlaryň 56-synyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Şonuň bilen bir hatarda tekizleýiş işleri hem barha gyzyşýar.

Gowaça ekişinde tehnikalara we gurallara uly orun degişli bolup durýar. Muňa oňat düşünýän etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bejeriji ussalarydyr hünärmenleri tehnikalardyr gurallaryň abatlygyna aýratyn ähmiýet berýärler. Olar häzirki günlerde tehnikalary we gurallary doly gözden geçirýärler, zerurlyk bolan ýagdaýynda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirýärler. Munuň üçin kärhanada ähli şertler üpjün edilendir.

Amanbibi TÄŞLIÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hünärmeni.