Pomidoryň bereketli hasyly

4 Fewral 2021
848

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen gök önümler bilen ýylyň ähli döwründe üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, dürli gök önümler ösdürip ýetişdirmeklige ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumlary yzygider gurlup, ulanylmaga berilýär. Ter gök önümleriň köp öndürilmeginde welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Bu ýyladyşhanada iki ýyldan bäri pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, onda 4 bölüm hereket edýär.

Ýyladyşhanada işler awtomatik usulda ýerine ýetirilýär. Ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, çyglylygy, howany kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Bu ýerde ýaşlaryň 100-den gowragy zähmet çekip, özlerine berkidilen işleri ýokary hilli berjaý edýärler. Munuň özi bol pomidor hasylyny ösdürip ýetişdirmäge uly mümkinçilik berýär. Göreldeli işgärlerden Mekan Atamedow, Myrat Hanjykow, Baýram Aşyrow, Sapa Durdyýew dagyny görkezmek bolar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.