Toprak — eklenç çeşmesi

16 Fewral 2021
902

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa ýokumly önümler bilen üpjün etmek babatda uly tagalla edýär. Bu ugurdaky tagallalaryň netijesinde oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlary giňeldilýär, döwrebap ýyladyşhanalar gurulýar. Soňky sanlyja ýylyň içinde welaýatymyzyň çäginde hususy pudagyň wekilleri tarapyndan döwrebap ýyladyşhanalaryň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Bu gün olarda pomidoryň, hyýaryň, bulgar burçunyň, ýertudanyň bol hasyly ýetişdirilip, ildeşlerimize ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda, ýakynda «Welaýatlar boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy» tassyklanyldy. Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň oba hojalyk puda­gynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmekde, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmekde, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmakda hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlan­dyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmakda bu resminamanyň ähmiýeti uly bolup durýar. Şundan ugur alnyp, welaýatymyzyň ekerançylary häzirki wagtda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekilişine aýratyn üns gönükdirýärler. Bu işleriň ýokary hil derejesinde alnyp barylmagy Gahryman Arkadagymyzyň ildeşlerimizi özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine oňyn itergi berer.

Baýrammyrat HOJAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.