Ynam üstünligiň hem parahatçylygyň açary

31 Ýanwar 2021
1120

Ynsan üçin öz doglup-dörän, önüp-ösen ýeri bolan Watany hemişe ähli zatdan gözüne yssy görünýär. Adama mahsus bu tebigylyk onuň dünýä gelip, gözüniň açyp, ilki gören zadyndan, gurşawyndan başlanýar. Megerem, il içinde «Dogduk obam, eziz mekanym, ata Watanym» diýen jümleleriň has ýörgünli bolmagy hem şonuň üçin bolsa gerek.

Watana bolan söýgi ähli söýgülerden beýik. Çünki nirede bolsaňam Watanyň yssy mähri seni hemişe özüne çekip durandyr. Watanyň goýnunda hemişe özüňi bagtly duýýarsyň. Uzak ülkelere saparlara gideniňde hem Watan küýsegi ýüregiň töründedir.

Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar