"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Çaganyň ukybyny kämilleşdirmek

Ylmy açyşlaryň, tehnologik oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna tapgyrma-tapgyr ornaşýan döwründe halkyň bilime, ylma bolan islegini kanagatlandyrmak, ýaş nesillerimizde milli aňyýeti, milli medeniýeti ösdürmek, Watana söýgini, sarpany kiçi ýaşlaryndan kemala getirmek, çaganyň zehinini açmak bilim ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Bu işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy bilim ulgamynyň yzygider ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Bilim özgertmeleri çaganyň şahsyýet bolup ýetişmegi, onuň ruhy taýdan sagdyn bolmagy bilen baglanyşykly wezipeleri durmuşa geçirmäge giň ýoly açdy. Irki ösüş Maksatnamasynda körpeleriň mekdebe ýokary derejede taýýarlanylmalydygy, olaryň tebigy zehinini açmak we ösdürmek işleriniň alnyp barylmalydygy hakynda bellenilýär. Bu işleriň bilimiň hilini ýokarlandyrýandygy, körpeleriň tebigy zehinini açmak we ösdürmek maksady bilen, okuwdan daşary goşmaça bilim bermek (çeper-döredijilik we ösdüriji gurnaklary) işini ýola goýýandygy, bilim we terbiýe bermegiň utgaşdyrylan iş usullaryny kämilleşdirýändigi aýdylýar. Bu wezipeler çaganyň ukybyna, zehinine seljerme berip, her bir çaganyň gyzyklanýan ugurlary boýunça okatmagyň netijeli usullarynyň, sapaklaryň dürli görnüşleriniň ulanylmalydygyny, zehininiň talap edýän ugry boýunça gurnaklaryň açylmalydygyny salgy berýär. Netijeli usullar çaganyň döredijilikli çemeleşmesini ýüze çykarýar, zehi

Güllere beslenýär bilim daragty

Welaýatymyzyň 10-njy synp okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlaryň 22-sini eýelediler Öň gazetimizde habar berşimiz ýaly, üstümizdäki hepdäniň duşenbe güni Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň usuly-okuw merkezinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Ilkinji gezek sanly ulgam arkaly onlaýn usulynda guralan bäsleşige lebaply ýaşlaryň hem ellä golaýy gatnaşdy. Ildeşlerimiz her ýyl däbe öwrülip geçirilýän bäsleşikde örän şowly çykyş edip, baýrakly orunlaryň 22-sini eýelediler. Bu bolsa welaýatymyzda ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermekde, olaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny baýlaşdyrmakda görnetin öňegidişlikleriň gazanylýandygyna güwä geçýär.

Dil bilen dünýä açylýar

Berkarar döwletimiziň syýasatynda ýurdumyzyň durnukly ösüşine, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna, bilim ulgamynyň halkara derejä çykarylmagyna, iň esasysy bolsa mynasyp ýaş nesliň terbiýelenilmegine möhüm üns berilýär. Halkymyzda “Dil — döwlet” diýen pähim bar. Dil, adamlaryň arasynda bolşy ýaly, halkara gatnaşyklarda hem möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Ol jemgyýetçilik aňyýetindäki öňdebaryjy pikirleriň, döredijilikli işiň hem möhüm serişdesidir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmegi babatda köpugurly tagallalary edýär. Özi-de şol tagallalaryň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýandygyny nygtamalydyrys. Bilimiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini bilşiniň ýokary derejesini gazanmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak wajyp wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şol wezipäniň üstünlikli amal edilmeginde 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” möhüm orun degişlidir. Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň gerimini giňeltmek işleri dowam etdirilýär.

Paýhaslar ummany

2007-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, 2011-nji ýylda Mary welaýatynda, 2014-nji ýylda bolsa Daşoguz, Balkan, Lebap welaýatlarynda täze, döwrebap kitaphanalaryň binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Halkymyz ençeme müňýyllyklardan bäri ylym-bilimlilige, sowatlylyga uly ähmiýet berip gelýär. Giň dünýägaraýyşly, sowatly adamlaryň orny mydama törden bolupdyr. Aslyýetinde, halkymyz kitaphon halk, kitaplarda ündelýän çuň manyly pikirleri ýörelgesine öwren halk. Munuň şeýledigine halk döredijiliginden we nusgawy şahyrlarymyzyň dürdäne eserlerinden hem göz ýetirýäris.

Ylym-bilim — berk binýat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler bu gün bütin dünýäni haýrana goýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, halkyň hal-ýagdaýyny, durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, obalary, şäherleri döretmek, ykdysadyýeti, medeniýeti ýokary derejelere galdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzda güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyklar, ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalar halkymyzyň döwrebap ýaşamagy, okamagy, bilim almagy bilen bagly aladalardan gözbaş alýar. Ýurdumyzda ylym, bilim ojaklarynyň sanynyň artmagy, olarda döwletimiziň gülläp ösmegi üçin ökde hünärmenleriň taýýarlanmagy diňe bir Türkmenistan döwletimiziň geljegini dabaralandyrýan ösüşler bolman, eýsem bu özgerişlikler ýurduň her bir raýatynyň ylymly, bilimli bolmaga bolan islegleriniň hasyl bolmagyny kepillendirýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň hatarynda ylym-bilim özgertmeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ulgamda ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň ruhuny belende göterýär. Şol belent sepgitler geljekde Berkarar döwletimizde kämil hünärmenleriň ösüp ýetişjekdigini aýdyň görkezýär.

Görelde sapagyny guramak

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6-njy synpynda fiziki geografiýa okuw dersinde okuwçylar Ýer üstüniň şekillendirilişi, geografik karta, Ýeriň gurluşy, Ýeriň bardalary, gidrosfera, atmosfera, biosfera, dünýäniň syýasy kartasy we ondaky käbir döwletler barada gysgaça tanyş bolýarlar. Olaryň geografiýa ylmyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, 6-njy synpda «Buzluklar» diýen tema boýunça görelde sapagyny guradym. Okuwçylardan öý işini, ýagny «Köller» diýen temany soranymda ilki bilen, depderlerine dünýäde bar bolan kölleriň atlaryny geografik atlaslardan, kartalardan we kitaplardan peýdalanyp, ýazyp gelendiklerini barladym. Soňra okuwçylaryň käbiri kölleriň atlaryny, olaryň haýsy materikde, nirede ýerleşýändigini ýatdan aýdyp berdiler. Soňra «Köller» temasy boýunça kölleriň sudury şekilleri arkaly soradym. Şonda okuwçylar Baýkal köli, Titikaka köli, Sarygamyş köli barada gürrüň berdiler. Dil üsti arkaly hem okuw kitaby boýunça okuwçylardan öý işini soradym. Geçilen sapagy jemläp, soňra «Buzluklar» diýen täze temany okuwçylara düşündirdim.

Ýurdumyzyň röwşen geljegi

Gün-günden ösýän we özgerýän Türkmenistan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bilime, ylma uly üns berilýär. Bilim ojaklarynda berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde sapaklaryň interaktiw görnüşde geçilmegi talyp ýaşlaryň dünýägaraýyşlarynyň has hem giňemegine ýardam berýär. Olar kärhanalardaky we önümçilik edaralaryndaky tehnikalary we tehnologiýalary okuw binasynyň çäginden çykmazdan olaryň suratlarynyň, şeýle-de tanyşdyrylyş wideoýazgylarynyň üsti bilen öwrenip bilýärler. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Sanly elektronika we elektrotehnika» kafedrasynda «Mikroelektronika we ýarymgeçiriji abzallar» hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar hem geljekde ele aljak hünärleriniň inçe syrlary we hünärlerine degişli tehnologiýalar bilen interaktiw usulda has ýakyndan tanyşýarlar. Ýurdumyzda mikroelektronikany ösdürmek maksady bilen, ýakyn geljekde mikroelektronika hünärini kämil ýagdaýda ele aljak talyplary ýetişdirmek ugrunda mugallymlarymyz okuw işlerini alyp barýarlar.

Kämil ýaşlar — buýsanjymyz

Beýik ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzda ylym-bilim ugrundaky alnyp barylýan işler örän buýsandyryjydyr. Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi giň düşünjeli, çuňňur ylym-bilim alan, watansöýüji ýaşlara baglydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar, zehinli ýaşlara halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim, hünär öwredýän täze okuw mekdepleriniň gurulmagy yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde döwrebap bilim bermegiň hili kämilleşdirilýär. Munuň üçin bilim ulgamynda ähli mümkinçilikler bar. Sanly ulgamda okatmak, kämil tehnologiýalar bilen sapak guramak mugallymlaryň işini ýeňilleşdirýär. Mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan şahsy kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi okuwçylaryň sanly tehnologiýalara, kompýuterlere oňat düşünmekleri üçin ilkinji ugurdyr. Orta mekdepleriň başlangyç synplarynda esasy bilim berilýär, berkidilýär we ýokary synplarda bilimler çuňlaşdyrylyp, ýaşlara durmuşda zerur boljak endikler we başarnyklar kemala getirilýär.

Sanly ulgamyň bilimi ösdürmekdäki ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň iň möhüm, ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Ýurdumyzda sanly ulgama işjeň geçilmegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak sanly, döwrebap tehnologik we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň we ulanylmagynyň hasabyna amala aşyrylýar. Sanly ulgama tapgyrlaýyn we meýilnamalaýyn geçilmegi dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösen ulgamyna goşulmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Çaga terbiýesi we oýunlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaş nesil baradaky alada maşgaladan, çagalar bagyndan başlanýar. Çaga nirede bolsa-da ony oýnawaçsyz, oýunsyz göz öňüňe getirip bolanok, sebäbi çaga näçe hereketde bolsa, şonça-da onuň beden we aň taýdan ösüşi üçin peýdalydyr. Çaga durmuşynda oýunlaryň uly ähmiýeti bar, şolaryň üsti bilen ol ulalýar, kemala gelýär. Körpeler daş-töweregini oýnuň üsti bilen has ýakyn kabul edýärler, kähalatlarda hakykatyň we oýnuň aratapawudyny hem aňmaýarlar, saýgarmaýarlar, sebäbi çaganyň duýujylyk tejribesi ýeterlik bolmaýar. Çagalar üçin oýun özboluşly türgenleşik bolup durýar, oýnuň gidişinde başyndan geçirenlerini, kabul eden maglumatlary, netijede, toplan tejribesini durmuşda aňsatlyk bilen özleşdirýärler. Irki ösüş döwründe çaga, esasan, oýnuň üsti bilen terbiýelense, geljekde ukyply, başarnykly, düşünjeli, edepli-ekramly şahsyýet bolup kemala gelýär. Adatça, çaga terbiýesinde dürli görnüşli oýunlardan peýdalanylýar, emma olar çaganyň irki ösüşiniň görnüşleri we ýaş aýratynlyklar boýunça tertiplenende, netijeliligi ýokary bolýar. Çaganyň irki ösüşinden ugur alnanda terbiýäniň guraly bolan oýunlar we oýnawaçlar şulara bölünýär. Ýagny, aň ösüşi — çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürýän oýunlar, durmuş ösüşi — sahnalaşdyrylan oýunlar hem-de beden ösüşi — hereketli oýunlar.

Kämillige tarap ýol

Kämillik, ilkinji nobatda, aň ösüşi, medeni dereje bilen ölçenilýär. Bular bolsa, öz gezeginde, çuňňur bilime we güýçli ylmy binýada bagly. Bilim hem-de ylym bilen, danalaryň aýdyşy ýaly, «müşgillik asan bolup», kämillige tarap ýol açylýar. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň çäklerinde ýaş nesillerimize daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine aýratyn üns berilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar baglaryndan başlap, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlarymyza daşary ýurt dilleri öwredilýär. Daşary ýurt dillerini düýpli öwretmegi gazanmak üçin çagalardyr okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň dil öwrenmek endigini we höwesini yzygiderli artdyrmak örän möhüm. Munuň üçin daşary ýurt dilini öwrenijä dil öwrenmegiň ähmiýetini, diliň aragatnaşyk serişdesidigini düşündirmek zerur bolup durýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçiriljek «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeler, sebit we dünýä ähmiýetli öňe sürülýän beýik başlangyçlar, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan milli gymmatlyklar hakyndaky habarlar dünýäniň maglumatlar ulgamynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagy, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmegi, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýen parasatly sözlerinden, talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçek

Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten sepgitlerine halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde gazanylýan üstünlikler hem şaýatdyr. Her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda döwlet derejesinde «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen ders bäsleşikleri geçirilýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Şonda 10-njy synp harby okuwçysy Şatlyk Nazarow fizika dersinden 3-nji orna mynasyp boldy we bäsleşikleriň döwlet tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik gazandy. Şeýle hem, geçirilen dersara bäsleşiklerinde 8-nji synp harby okuwçylaryndan Begzad Allabergenow himiýa dersinden, Wepa Ýaraşow informatika dersinden, Begzada Çaryýew fizika dersinden 1-nji, Nurmyrat Meredow 2-nji, Şyhmyrat Baýmyradow bolsa rus dili dersinden 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ders bäsleşiklerinde gazanylan bu üstünlikler indiki bäsleşiklere has gowy taýýarlanyp, öňdäki orunlary eýelemäge itergi berýär.

Innowasion tehnologiýalaryň möhüm orny

Beýik ösüşler bilen öňe barýan ýurdumyzda iň döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýär. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly strategik özgertmeleriň geljegi ýokary bilimli, innowasiýalardan we nanotehnologiýalardan işjeň peýdalanyp bilýän, inženerçilik çözgütlerini netijeli kabul etmegi we täze taslamalary işläp, düzmegi başarýan hünärmenlere baglydyr. Şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzda täze taslamalarda şu ugurdaky işleriň depginini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ähli degişli düzümleriniň sanly ulgam babatdaky üpjünçiliginiň has-da kämildigini beýan edýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde sanly ulgamyň möhüm orny bardyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda elektron senagaty hem ösdürilýär, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilige barha uly ähmiýet berilýär. Munuň özi aň-bilim maýasyny, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlygyny has-da kämilleşdirmek ýaly işleri özünde jemleýär. Şeýle hem beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň eksport kuwwatynyň düýpli ýokarlanmagyna oňat mümkinçilik döredýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy ugry zähmet önümçiliginiň ösmegi, kärhanalaryň bäsleşige ukyplylygynyň artmagy, edaralaryň çykdajylary

Ylym — ösüşleriň binýady

Ynsanyň akyly bilen ylymda we tehnikada gazanylan bedew batly ösüşler adamzada giňişleýin hyzmat edýär. Bilim, ylym babatynda gazanylýan belent sepgitler halklaryň, ýurtlaryň dostana gatnaşyklaryna hem binýat bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan şeýle ösüşler durmuşymyzyň manysyna öwrülip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni bezeýär. Bäş müňýyllyk şöhratly taryhynda ylym, binagärlik babatda meşhurlyk gazanan türkmen halky döredýär, gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ýokary göterilip, ylym-bilimiň barha rowaçlanyp, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň gowulanyp, halkymyzyň medeni-ruhy taýdan kämil ösüşleri gazanmagyň ýolunda aýgytly we ynamly möhüm ädimleri ädýändigine şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzyň gadymy şöhratyny, bu günki ýeten belent derejelerini äleme ýaýýar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kämil hünärli, arassa ahlakly, halkyna, Watanyna wepaly ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin maksatnamalaýyn döwrebap işler durmuşa giňişleýin ornaşdyrylýar.

Okuwçylarda edebiýata bolan höwesi artdyrmak

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda bilimiň hilini düýpli özgertmek, ähli bilim edaralaryna sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, ýaş nesle düýpli bilim bermekde mugallymlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak ugrunda birnäçe üstünlikli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesliň okamagy, biz — mugallymlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şol mümkinçiliklerden ugur alyp, okuwçylaryň alýan bilimlerini düýpli kämilleşdirmekde görelde sapaklaryny, hepdelikleri yzygiderli gurap durmak özüniň oňat netijelerini berýär. Men 5-nji synp okuwçylary bilen edebiýat sapagynda “Berdinazar Hudaýnazarow. “Mugallym” goşgusy. Şahyryň ömri we döredijiligi” atly temada görelde sapagyny guradym. Guraýan sapagymyň maksady, okuwçylara Berdinazar Hudaýnazarowyň ömri we döredijiligi barada gysgaça maglumat bermek we “Mugallym” goşgusyndan ugur alyp, olara mugallyma, bilime goýulýan uly sylag-sarpa, minnetdarlyk, hormat barada düşünje bermekden ybarat. Sapagyň täsirliligini artdyrmak maksady bilen, okuw kitabyndan daşary suratlardan, gazetdir žurnallardan, hormatly Prezidentimiziň nusgawy kitaplaryndan peýdalandym, şonuň ýaly-da tema we edebiýat sapagyna degişli krosswordy taýýarlap, okuwçylara çözdürdim.

Göreldeli işler alnyp barylýar

Söhbetdeşligimiziň başynda Gülnar mugallymyň aýdan gürrüňleri aýratyn täsir etdi. Ol: «Heniz ýaş hünärmen wagtymyzda halypa mugallymlaryň beren maslahatlary ýadyma düşýär. Mugallymyň kalby, dili arassa, ýüregi nurana bolmaly. Kalbyňda sähelçe gaharyň, öýkäň-kinäň bar bolsa, gözüňe garaýan garagöz çagalar seni okap oturandyrlar. Şeýle ýagdaýda sapak bermek, edil süpürilmedik tagtada hat ýazan ýaly bolar» diýen sözleri ýatlady. Hakykatdan-da, mugallym bolmak ýeňil-ýelpaý iş ýaly bolup görünse-de, onuň çylşyrymly ýollaryny geçmelidigi we hemişe öz üstüňde işläp ýörmelidigi hakynda pedagogik kitaplardan okan setirlerim we gürrüňdeş bolan mugallymlarymyň getirýän birnäçe durmuş mysallary subut edýär. Şahyrlaryň biriniň goşgusynda şeýle setirler bar: Dutary köpler çalar, ýasar müňden bir adam. Guýy suwy ne ajaýyp, gazar müňden bir adam. Müňläp kişi sowatly, alym bolar bir adam.Tapawudy Ýer-gök deý, arman adyň bir Adam.

Belent maksat borçlandyrýar

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn sagdyn, ruhubelent, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda bina edilen ylym-bilim ojaklarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni-sport toplumlarynyň hyzmatyndan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz netijeli peýdalanýarlar. Olarda dünýäniň ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän şertleriň bolmagy, şeýle-de ýola goýlan işleriň yzygiderli kämilleşdirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň berýän maslahatlary, öňe sürýän anyk başlangyçlary eziz Diýarymyzyň mynasyp ýaş nesillerini kemala getirmekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bagtyýar ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, eşretli durmuşymyza hem-de röwşen geljegimize bolan belent buýsanjy kemala getirmekde edýän taýsyz tagallalaryndan, pähim--parasata ýugrulan watançylyk sargytlaryndan ugur alyp, biz beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýerlerde wagyz-ündew işlerini döwrebap derejede ýaýbaňlandyrýarys.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2021-nji ýylyň 5-nji maýynda sagat 1500-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar «Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary bilen tanşyp bilerler. Olaryň hatarynda institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi hem bar.

Yhlas bilen ukyp utgaşanda

Her ýyl Berkarar döwletimizde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiklerini geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Oňa lebaply mekdep okuwçylary hem örän işjeňlik bilen gatnaşyp, zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ynha, şu hepdäniň duşenbe güni Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň usuly-okuw merkeziniň binýadynda 10-njy synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda däbe öwrülen bäsleşigiň döwlet tapgyry üstünlikli geçirildi. Bäsleşigiň sanly ulgam arkaly onlaýn usulynda guralmagy onuň öňki ýyllardakydan tapawutly aýratynlygydyr. Mälim bolşy ýaly, bäsleşik umumybilim berýän orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizilen dersleriň onusy boýunça guralýar. Ilki onuň etrap, şäher, soňra bolsa welaýat tapgyrlary geçirilýär. Her ders boýunça welaýat derejesinde öňdäki üç orny eýelänler bolsa, bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanýar. Bu ýyl lebaply mekdep okuwçylarynyň ellä golaýy şu hukuga eýe boldy. Olar bäsleşigiň şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirmek bilen, özleriniň bilimini, ukyp-başarnygyny ýüze çykardylar. Eminler topary mekdep okuwçylarynyň taýýarlyk derejesine ýokary baha berdi. Adatça bolşy ýaly, bu bäsleşikde-de iň ökdelere öňe saýlanmak miýesser etdi. Döwlet bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelänleriň aglabasy Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Dänew, Halaç, Farap etraplarynyň wekilleridir. Olar gazanan bu üstünlikleri b