Yhlas bilen ukyp utgaşanda

5 Aprel 2021
1025

Her ýyl Berkarar döwletimizde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiklerini geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Oňa lebaply mekdep okuwçylary hem örän işjeňlik bilen gatnaşyp, zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ynha, şu hepdäniň duşenbe güni Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň usuly-okuw merkeziniň binýadynda 10-njy synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda däbe öwrülen bäsleşigiň döwlet tapgyry üstünlikli geçirildi. Bäsleşigiň sanly ulgam arkaly onlaýn usulynda guralmagy onuň öňki ýyllardakydan tapawutly aýratynlygydyr.

Mälim bolşy ýaly, bäsleşik umumybilim berýän orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizilen dersleriň onusy boýunça guralýar. Ilki onuň etrap, şäher, soňra bolsa welaýat tapgyrlary geçirilýär. Her ders boýunça welaýat derejesinde öňdäki üç orny eýelänler bolsa, bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanýar. Bu ýyl lebaply mekdep okuwçylarynyň ellä golaýy şu hukuga eýe boldy. Olar bäsleşigiň şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirmek bilen, özleriniň bilimini, ukyp-başarnygyny ýüze çykardylar. Eminler topary mekdep okuwçylarynyň taýýarlyk derejesine ýokary baha berdi. Adatça bolşy ýaly, bu bäsleşikde-de iň ökdelere öňe saýlanmak miýesser etdi. Döwlet bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelänleriň aglabasy Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Dänew, Halaç, Farap etraplarynyň wekilleridir. Olar gazanan bu üstünlikleri bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanyna-şan, şöhratyna-şöhrat goşdular. Welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginde şowly çykyş etmeklerine mekdep mugallymlary, çagalaryň ene-atalary we deň-duşlary hem diýseň begendiler, buýsandylar.

Myrat TA GANogly,
ýörite habarçymyz.