Innowasion tehnologiýalaryň möhüm orny

6 Aprel 2021
1148

Beýik ösüşler bilen öňe barýan ýurdumyzda iň döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýär. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly strategik özgertmeleriň geljegi ýokary bilimli, innowasiýalardan we nanotehnologiýalardan işjeň peýdalanyp bilýän, inženerçilik çözgütlerini netijeli kabul etmegi we täze taslamalary işläp, düzmegi başarýan hünärmenlere baglydyr. Şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzda täze taslamalarda şu ugurdaky işleriň depginini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ähli degişli düzümleriniň sanly ulgam babatdaky üpjünçiliginiň has-da kämildigini beýan edýär.

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde sanly ulgamyň möhüm orny bardyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda elektron senagaty hem ösdürilýär, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilige barha uly ähmiýet berilýär. Munuň özi aň-bilim maýasyny, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlygyny has-da kämilleşdirmek ýaly işleri özünde jemleýär. Şeýle hem beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň eksport kuwwatynyň düýpli ýokarlanmagyna oňat mümkinçilik döredýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy ugry zähmet önümçiliginiň ösmegi, kärhanalaryň bäsleşige ukyplylygynyň artmagy, edaralaryň çykdajylarynyň azalmagy bilen kesgitlenilýär. Bularyň hemmesi sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiligini beýan edýär.

Maral MYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 134-nji orta mekdebiň müdiri.