Paýhaslar ummany

8 Aprel 2021
1002

2007-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, 2011-nji ýylda Mary welaýatynda, 2014-nji ýylda bolsa Daşoguz, Balkan, Lebap welaýatlarynda täze, döwrebap kitaphanalaryň binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Halkymyz ençeme müňýyllyklardan bäri ylym-bilimlilige, sowatlylyga uly ähmiýet berip gelýär. Giň dünýägaraýyşly, sowatly adamlaryň orny mydama törden bolupdyr. Aslyýetinde, halkymyz kitaphon halk, kitaplarda ündelýän çuň manyly pikirleri ýörelgesine öwren halk. Munuň şeýledigine halk döredijiliginden we nusgawy şahyrlarymyzyň dürdäne eserlerinden hem göz ýetirýäris.

Orazsoltan EMINOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.