Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçiriljek «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

7 Aprel 2021
1087

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeler, sebit we dünýä ähmiýetli öňe sürülýän beýik başlangyçlar, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan milli gymmatlyklar hakyndaky habarlar dünýäniň maglumatlar ulgamynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagy, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmegi, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýen parasatly sözlerinden, talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.