Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler

7 Aprel 2021
1484

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten sepgitlerine halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde gazanylýan üstünlikler hem şaýatdyr. Her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda döwlet derejesinde «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen ders bäsleşikleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Şonda 10-njy synp harby okuwçysy Şatlyk Nazarow fizika dersinden 3-nji orna mynasyp boldy we bäsleşikleriň döwlet tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik gazandy. Şeýle hem, geçirilen dersara bäsleşiklerinde 8-nji synp harby okuwçylaryndan Begzad Allabergenow himiýa dersinden, Wepa Ýaraşow informatika dersinden, Begzada Çaryýew fizika dersinden 1-nji, Nurmyrat Meredow 2-nji, Şyhmyrat Baýmyradow bolsa rus dili dersinden 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ders bäsleşiklerinde gazanylan bu üstünlikler indiki bäsleşiklere has gowy taýýarlanyp, öňdäki orunlary eýelemäge itergi berýär.

Bahargül MÄTDURDYÝEWA,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň türkmen dili mugallymy.