Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

5 Aprel 2021
1081

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2021-nji ýylyň 5-nji maýynda sagat 1500-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary bilen tanşyp bilerler. Olaryň hatarynda institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi hem bar.