Kämillige tarap ýol

7 Aprel 2021
1040

Kämillik, ilkinji nobatda, aň ösüşi, medeni dereje bilen ölçenilýär. Bular bolsa, öz gezeginde, çuňňur bilime we güýçli ylmy binýada bagly. Bilim hem-de ylym bilen, danalaryň aýdyşy ýaly, «müşgillik asan bolup», kämillige tarap ýol açylýar. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň çäklerinde ýaş nesillerimize daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine aýratyn üns berilýär.

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar baglaryndan başlap, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlarymyza daşary ýurt dilleri öwredilýär. Daşary ýurt dillerini düýpli öwretmegi gazanmak üçin çagalardyr okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň dil öwrenmek endigini we höwesini yzygiderli artdyrmak örän möhüm. Munuň üçin daşary ýurt dilini öwrenijä dil öwrenmegiň ähmiýetini, diliň aragatnaşyk serişdesidigini düşündirmek zerur bolup durýar.

Gurbangül HUDAÝBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.