"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Bagtymyzyň gözbaşy

Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyz her ýyl uly dabara bilen bellenilýär. Bu şanly sene eziz Watanymyzyň ýyl-ýyldan pajarlap gülläp ösýändigini, dünýäniň ýüzünde abraýly döwlete öwrülýändigini äşgär edýär. Elbetde, biz Garaşsyz ýurdumyza buýsanýarys. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçilen ýollar, ýetilen sepgitler bolsa halkymyzyň parahat, asuda, abadan durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýurdumyza erkinlik, halkymyza döwlet gurmaga, ösüşiň özbaşdak ýoluny saýlap-seçip almaga ýardam berýän uly güýçdür. Garaşsyzlyk baky Bitarap ýurdumyzda ýetilen sepgitler, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary derejelere ýetiren, üstünliklere alyp barýan ägirt uly ösüşleriň anyk netijeleridir.

Watana söýginiň belent nusgasy

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçirdi. Siz bilen duşuşmak, pikir alyşmak, duýgulary paýlaşmak, Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan üstünlikleri beýan etmek — hemmämiz üçin uly taryh. Şol nukdaýnazardan, men hem döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde şu gün siz bilen duşuşyp, ähli ugurlar boýunça beýan bilen çykyş etmek barada karara geldim diýip, milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlendi. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021 — 2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabry) Mähriban talyplar!Eziz okuwçylar!

Geljege şamçyrag

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesil hakynda edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini berýär. Olaryň okamagy, döwrebap bilim almagy, döwrüň ösen sanly ulgamyndan — innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň geljegi bilen bagly ähli möhüm meseleleri hemişe özüniň üns merkezinde saklaýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Munuň aýdyň mysalyny golaýda ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen möhüm ähmiýetli çärelerde hem görmek bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly ruhubelentlige beslenen şol baýramçylyk gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygy oňa gatnaşan ýaşlaryň durmuşyndaky ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri boldy. Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde guralan duşuşykda milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-d

Saýat etraby: bir günde iki mekdep!

Zerbap donly güýzüň ilkinji gününde — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Saýat etrabynda täze, döwrebap mekdepleriň birbada ikisi açylyp, ulanylmaga berildi. Etrabyň Lebaby we Çowdur geňeşliklerinde bina edilen mekdepleriň her biri 600 okuwça niýetlenendir. Olaryň açylyş dabarasynda bagtyýar watandaşlarymyzyň käbiri bilen söhbetdeş bolduk. Arslan JORAÝEW,«Döwletli dostlar» hususy kärhanasynyň hünärmeni:

Bilim — bagt badalgasy

Bilim — bahasyny kesgitläp bolmaýan gymmatlyk. Ynsan ömrüniň islendik sahypasyny açyp göreniňde-de, onuň her bir pursatynyň ylym-bilimiň gazananlary bilen baglanyşyklydygyny görmek bolýar. Onsoň ynsanyň tutuş ömür ýolunyň hemrasy bolan bilim atly baýlygyň häzirki zaman ösen derejeleri baradaky gürrüňi hut Garaşsyzlyk ýyllarymyzyň, esasan hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täzeçillikleri bilen baglanyşdyrmak üçin mysallary näçe getirseň getirip oturmaly. Bu döwrüň ylym-biliminiň aýratynlygy yzygiderli durmuşa geçirilýän özgerişlikler bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär bilim ojaklarynda täze-täze ugurlaryň yzygiderli döredilmegi bagtyýar ýaşlarymyzyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleri girizmegi dowam etmek, has köp isleg bildirilýän hünär ugurlary, esasan-da, inžener-tehniki we tehnologiýa ugurlary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmek barada aýdanlary hem türkmenistanly ýaşlara bagtly geljegiň garaşýandygyndan habar berýär.

Ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň ençemesi ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek bagtyna eýe boldular. Şeýle-de 1-nji sentýabrda olaryň birnäçesi hormatly Prezidentimiziň beren umumy okuw sapagyna gatnaşdylar. Biz bagtyýarlyk döwrümiziň bagtly ýaşlarynyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Tebigat

Ir wagt­lar­da bir baý tä­jir bar eken. Onuň iki og­ly bo­lup­dyr. Tä­jir ça­ga­la­ry­nyň «to­wu­gy­na tok diý­män», lä­lik ýe­tiş­di­rip­dir. Gün­ler­de bir gün oba­nyň ylym­ly, paý­has­ly bir ýa­şu­lu­sy tä­ji­re: - Ça­ga­la­ry­ňy oku­wa ber. Goý, olar okap, bi­lim, ter­bi­ýe al­syn­lar, soň­ra hiç puş­man bol­mar­syň – di­ýip­dir.

Köňülleriň buýsanjy

Baýram KEMALOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy:

Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly sowgady

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda täze, umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Munuň üçin her bir bilim işgäriniň, ata-eneleriň we okuwçylaryň kalbynda Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş bar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 960 okuwça niýetlenen Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep bilim işgärleri we ýaşlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu ýerde okuwçylar döwrebap enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dürli dersler boýunça okuw kitaplary bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar. Hususan-da, bu mekdepde lingafon otagynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Bilimleri üstünlikli özleşdirmek üçin matematika, informatika, biologiýa, himiýa we beýleki derslere niýetlenen otaglarda degişli amatlyklar döredildi. Zähmet sapagy hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar ornaşdyryldy.

Zehinli ýaşlaryň ýürek sözleri

Öňňin paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli umumy sapak geçdi. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen professordyr mugallymlar, talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän aýynda, ilkinji okuw gününde geçirilen bu taryhy okuw sapagy ýaşlarda täsirli duýgular galdyrdy. Olar öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler:

Si­ziň öýü­ňiz­de ki­tap tek­je­si bar­my?

Ki­tap oka­ma­gyň ulu­dan-ki­çä hem­me­ler üçin peý­da­sy­nyň bar­dy­gy ikuç­syz­dyr. Bi­ler­men­ler ça­ga­la­ra ki­ta­by söý­dür­mek üçin kä­bir mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler. Öý­de ýö­ri­te ki­tap tek­je­si­niň bol­ma­gy­nyň we maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len bi­le­lik­de ki­tap oka­ma­gyň äh­mi­ýet­li­di­gi bel­le­nil­ýär. Ça­ga­la­ryň oka­ýan ki­ta­by­ny ulu­la­ryň oka­ma­gy kör­pe­ler­de ki­ta­ba bo­lan söý­gi­ni has-da art­dyr­ýar. Se­bä­bi kör­pe­ler ulu­lar­dan gö­rel­de al­ýar. Şeý­le hem bu ýag­daý ça­ga­da ki­tap oka­ma­gyň, bir za­dy ki­tap­dan öw­ren­me­giň di­ňe ki­çi­le­re mah­sus­dy­gy ba­ra­da­ky pi­ki­riň dö­re­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.

Okuw ýy­ly­na ba­dal­ga be­ril­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ýe­ne-de bir okuw ýy­ly ýe­tip gel­di. Ýur­du­myz­da 1-nji sent­ýabr – Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni uly da­ba­ra­la­ra bes­len­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ösüp gel­ýän nes­liň jem­gy­ýe­te iş­jeň go­şul­ma­gy­ny we öz­le­ri­ni dur­muş­da asyl­ly alyp bar­mak­la­ry­ny gu­ra­ma­gyň mö­hüm ugur­la­ry­ny gör­kez­ýär. Ýaş nes­liň oka­ma­gy, bi­lim al­ma­gy, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler, şert­ler dö­re­dil­di. Döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gel­ýän döw­re­bap mek­dep­ler we ça­ga­lar bag­la­ry gur­lup, olar tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len do­ly ab­zal­laş­dy­ryl­dy. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ry­lyp, olar Di­ýa­ry­my­zy dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­me­gi, bi­lim ul­ga­my­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­ma­gy, ýaş­la­ry­my­zyň saz­la­şyk­ly ös­me­gi, dün­ýä­ga­raý­şy­nyň gi­ňel­me­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýär. Ýaş nes­liň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, oka­ma­gy, öw­ren­me­gi, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin yzy­gi­der­li ala­da edil­ýär. Türk­men ýaş­lary­nyň dün­ýä möç­be­rin­de ge­çi­ril­ýän in­ter­net bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra, me­dal­la­ra eýe bol­mak­la­ry bi

Tä­ze mek­dep­ler açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­di

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de güýz paslynyň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Täze - 2021-2022-nji okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda bilim binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi ilkinji jaň dabaralarynyň şatlygyny artdyrdy. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy. Ir sä­her bi­len ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry, ýö­ri­te or­ta hü­när we or­ta mek­dep­le­riň gu­ja­gy­na do­lan ta­lyp­lar­dyr okuw­çy­lar il­kin­ji jaň da­ba­ra­sy­na şat­lyk bi­len gat­naş­dy­lar. Bu da­ba­ra­lar ak mek­dep­le­riň ga­py­la­ryn­dan il­kin­ji ädim­le­ri­ni äd­ýän kör­pe­ler üçin ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra baý bol­dy.

Ak mekdepler giňden açdy gujagyn

ÖŇŇIN, Berkarar Watanymyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralandyrylan gününde welaýatymyzyň çäginde täze, döwrebap mekdepleriň birbada bäşisiniň kaşaň binalarynyň ulanylmaga berilmegi egsilmez şatlyga öwrüldi. Ak nura beslenen täze bilim ojaklary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylda başlanan täze, 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde mekdep okuwçylaryna we mugallymlaryna döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp toý sowgady boldy. GÖKDEPE. Etrabyň Babarap obasynda gurlan täze, döwrebap orta mekdebiň gözel binasynyň açylyş dabarasy aýratyn ruhubelentlige we joşguna beslendi. Annak Sähetmyradow adyndaky iňlis dili dersini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň binasynyň açylyş dabarasyna mekdep okuwçylarydyr mugallymlardan başga-da, onuň gurluşygyny alyp baran gurluşykçy hünärmenler, welaýat, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, obanyň bagtyýar ýaşaýjylary we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy.

Salam, mekdep!

Ak bugdaý etrabynda täze, 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň başlanmagy we Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen dabaralar toý ruhuna eýe boldy. Bilim ojaklarynda geçirilen dabaralaryň ýatda galyjy we täsirli bolmagynda öňünden görlen taýýarlyk işleriniň ähmiýeti uludyr. Mekdeplerde bolan dabaralarda täze okuw ýylynyň üstünliklere beslenmegi bilen baglanyşykly ýagşy arzuwlar aýdyldy. Okuw ýylynyň ilkinji jaňynyň kakylmagy bilen, bagtyýar ýaşlar ýagty okuw otaglaryna doldular. Şol gün okuwçy ýaşlar bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen mowzuk esasynda okuw ýylynyň ilkinji sapagy geçirildi. Ýaşlaryň watançylyk ruhuny belende göteren bu sapagyň işjeň usulda geçirilmegi onuň mazmunyny baýlaşdyrdy.

Bilim ulgamynyň döwrebap ösüşleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamy hem özgerýär we ösýär. Häzirki döwürde beýik özgertmeleriň netijesinde ata Watanymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralaryny, umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini gurmak boýunça işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Kadalaşdyryjy hukuk namalar ýurdumyzyň raýatlarynyň bilim almaga bolan konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegini kepillendirmek bilen, bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegini we işiniň rowaçlyklara beslenmegini üpjün edýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr» diýlip bellenilýär. Bilim almak hukugy Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar.

Täze mekdepleriň açylmagy — döwletiň ösüp gelýän nesil baradaky aladasynyň nyşany

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenildi Ahal welaýaty, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän eziz Diýarymyzda çagalar üçin gapylaryny giňden açan täze mekdepleriň birnäçesi ulanylmaga berildi. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy, olar öz öňünde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldiler. Täze binalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep hem bar. Bu mekdebe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy.

Ýaşlar — ýurduň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaşlaryň talabalaýyk bilim almaklary, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we bu tejribäni bilim ulgamynda giňden ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bilimiň we nurana geljegiň dabaralanmagy

Düýn Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany hasaplanýan gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna badalga berildi. Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri uly hyjuw bilen ak mekdepleriň gujagyna doldular. Geljekde döwrümiziň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşjak zehinli talyp ýaşlar bolsa ylymlar dünýäsine sary gadam basdylar. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatymyzyň çägindäki umumybilim berýän orta, ýokary, ýörite orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde guralan baýramçylyk dabaralary hem guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.