Salam, mekdep!

2 Sentýabr 2021
1492

Ak bugdaý etrabynda täze, 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň başlanmagy we Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen dabaralar toý ruhuna eýe boldy. Bilim ojaklarynda geçirilen dabaralaryň ýatda galyjy we täsirli bolmagynda öňünden görlen taýýarlyk işleriniň ähmiýeti uludyr.

Mekdeplerde bolan dabaralarda täze okuw ýylynyň üstünliklere beslenmegi bilen baglanyşykly ýagşy arzuwlar aýdyldy. Okuw ýylynyň ilkinji jaňynyň kakylmagy bilen, bagtyýar ýaşlar ýagty okuw otaglaryna doldular. Şol gün okuwçy ýaşlar bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen mowzuk esasynda okuw ýylynyň ilkinji sapagy geçirildi. Ýaşlaryň watançylyk ruhuny belende göteren bu sapagyň işjeň usulda geçirilmegi onuň mazmunyny baýlaşdyrdy.