Bilim — bagt badalgasy

2 Sentýabr 2021
1209

Bilim — bahasyny kesgitläp bolmaýan gymmatlyk. Ynsan ömrüniň islendik sahypasyny açyp göreniňde-de, onuň her bir pursatynyň ylym-bilimiň gazananlary bilen baglanyşyklydygyny görmek bolýar. Onsoň ynsanyň tutuş ömür ýolunyň hemrasy bolan bilim atly baýlygyň häzirki zaman ösen derejeleri baradaky gürrüňi hut Garaşsyzlyk ýyllarymyzyň, esasan hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täzeçillikleri bilen baglanyşdyrmak üçin mysallary näçe getirseň getirip oturmaly.

Bu döwrüň ylym-biliminiň aýratynlygy yzygiderli durmuşa geçirilýän özgerişlikler bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär bilim ojaklarynda täze-täze ugurlaryň yzygiderli döredilmegi bagtyýar ýaşlarymyzyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleri girizmegi dowam etmek, has köp isleg bildirilýän hünär ugurlary, esasan-da, inžener-tehniki we tehnologiýa ugurlary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmek barada aýdanlary hem türkmenistanly ýaşlara bagtly geljegiň garaşýandygyndan habar berýär.

Annameret AMANAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.