Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimizde ýene-de bir okuw ýyly ýetip geldi. Ýurdumyzda 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabaralara beslendi. Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty ösüp gelýän nesliň jemgyýete işjeň goşulmagyny we özlerini durmuşda asylly alyp barmaklaryny guramagyň möhüm ugurlaryny görkezýär. Ýaş nesliň okamagy, bilim almagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredildi. Döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap mekdepler we çagalar baglary gurlup, olar täze tehnologiýalar bilen doly abzallaşdyryldy.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, olar Diýarymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmegi, bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmagy, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmegi maksat edinýär. Ýaş nesliň eşretli durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin yzygiderli alada edilýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýä möçberinde geçirilýän internet bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara eýe bolmaklary bizi has-da buýsandyrýar.