Bagtymyzyň gözbaşy

3 Sentýabr 2021
752

Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyz her ýyl uly dabara bilen bellenilýär. Bu şanly sene eziz Watanymyzyň ýyl-ýyldan pajarlap gülläp ösýändigini, dünýäniň ýüzünde abraýly döwlete öwrülýändigini äşgär edýär.

Elbetde, biz Garaşsyz ýurdumyza buýsanýarys. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçilen ýollar, ýetilen sepgitler bolsa halkymyzyň parahat, asuda, abadan durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýurdumyza erkinlik, halkymyza döwlet gurmaga, ösüşiň özbaşdak ýoluny saýlap-seçip almaga ýardam berýän uly güýçdür. Garaşsyzlyk baky Bitarap ýurdumyzda ýetilen sepgitler, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary derejelere ýetiren, üstünliklere alyp barýan ägirt uly ösüşleriň anyk netijeleridir.

Merjen BAÝRAMOWA,
Saýat etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.