Watana söýginiň belent nusgasy

3 Sentýabr 2021
945

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçirdi. Siz bilen duşuşmak, pikir alyşmak, duýgulary paýlaşmak, Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan üstünlikleri beýan etmek — hemmämiz üçin uly taryh. Şol nukdaýnazardan, men hem döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde şu gün siz bilen duşuşyp, ähli ugurlar boýunça beýan bilen çykyş etmek barada karara geldim diýip, milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlendi.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021 — 2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýandygyny belledi.

«Aşgabat».