Bilimiň we nurana geljegiň dabaralanmagy

1 Sentýabr 2021
1037

Düýn Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany hasaplanýan gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna badalga berildi. Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri uly hyjuw bilen ak mekdepleriň gujagyna doldular. Geljekde döwrümiziň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşjak zehinli talyp ýaşlar bolsa ylymlar dünýäsine sary gadam basdylar.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatymyzyň çägindäki umumybilim berýän orta, ýokary, ýörite orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde guralan baýramçylyk dabaralary hem guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.