1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de güýz paslynyň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Täze - 2021-2022-nji okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda bilim binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi ilkinji jaň dabaralarynyň şatlygyny artdyrdy. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy.
Ir säher bilen ýurdumyzyň ýokary, ýörite orta hünär we orta mekdepleriň gujagyna dolan talyplardyr okuwçylar ilkinji jaň dabarasyna şatlyk bilen gatnaşdylar. Bu dabaralar ak mekdepleriň gapylaryndan ilkinji ädimlerini ädýän körpeler üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.