"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Terbiýe ojagy

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda maşgala binýadyny berkitmekde, nesillerimizi türkmençiligiň baý däpleri esasynda ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer edip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Könelerimiz öý bikesiniň maşgalanyň abraýyny goramakda, mertebesini, agzybirligini berkitmekde bitirýän işlerine mynasyp baha beripdirler. Ata-babalarymyzyň döreden: «Ýagşy aýal ýok zadyňy bar eýlär», «Ýagşy bolsa aýalyň, gülmezden öň güldürer» diýen ýaly nakyllary hem munuň durmuş mysalydyr.

Haly barada pähimler

■ Halym garyş bolýança dostumam görmesin, duşmanymam. ■ Haly düşek törde ýagşy.

Türkmen halysynyň baýramyna

«Nusga bolup galsyn, ilden-illere» Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Türkmen halysynyň şekillendiriş diliniň köpdürlüligi we çylşyrymlylygy bu hünäriň köpmüňýyllyk taryhynyň netijesidir». Bu sözler halkymyzyň ajaýyp milli gymmatlyklarynyň biri bolan halylarynyň hem-de halyçylyk sungatynyň öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny subut edýär.

Merwiň şöhratly ýoly

Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysadyýetde we medeniýetde gazanylan üstünlikleriň çägi ýok. Gadymy taryhy bilen dünýäni haýrana goýýan Mary şäheri gözellige, täsinlige baý şäherleriň hatarynda tanalýar. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Marguş, Margiana, Merw, Maru-şahu jahan we Mary atlaryna eýe bolan bu şäher ençe galalary, köşkleri, kümmetleri bilen dünýä ýüzünde tanalypdyr. Gadymy Merw dünýä jahankeşdeleriniň syýahat edýän ýerleriniň biridir. Merw galalary, köşkleri, kümmetleri her bir adamda, esasan-da, syýahatçyda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Bu keramatly topragyň çäginde ýerleşýän Soltan Sanjar, Gyzbibi kümmetleri, Gyzlar we Ýigitler köşkleri, Uly gyz galasy täsin gurluşlary bilen göreniň ünsüni çekýär.

Milli gymmatlyklarymyz bütin dünýäde sarpalanýar

16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlandy.

Milli mirasymyza çuňňur sarpanyň beýany

ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huriniň ýurdumyza getiren hoş habary—«Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly medeni mirasymyzyň görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi mynasybetli degişli güwänamalary gowşurmagy halkymyzda uly buýsanç döretdi. Bu hoş habar mynasybetli 16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Mukamlar köşgüniň giň foýesinde ýaýbaňlandyrylan serginiň adatdakylardan köp görnüşlidigini bellemeli. Owadan milli lybaslar, sünnälenip bejerilen kürtedir çyrpylar, çabytlar, ýüňden we ýüpekden nepislik bilen dokalan haly önümleri, dürli bezegler milli mirasymyzyň dünýäde deňsiz-taýsyzdygynyň subutnamasy bolup, göreni haýrana goýdy. Dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan medeni mirasy, milli gymmatlyklary barada buýsançly sözler aýdyldy. Ajaýyp keşdeleri, haly nagyşlaryny döreden çeper el işleriniň ussady, mirasgär Ogulbaýram Kulyýewa ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşyp, şeýle diýdi:

Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz dün­ýä ýa­ýyl­ýar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­kyň köp asyr­lyk mil­li gym­mat­lyk­la­ry yl­my taý­dan öw­re­ni­lip dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­ti­ril­ýär. Asyr­lar­bo­ýy top­la­nyp ge­len mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz dün­ýä halk­la­ry­nyň söý­gü­si­ne my­na­syp bol­ýar. Deň­siz-taý­syz ta­ry­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­myz ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na go­şul­dy. Bu gün bol­sa şol gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň üs­ti ýe­ti­ril­ýär. «Türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty», «Ýü­pek­çi­lik we dok­ma­çy­lyk­da ýü­pek önüm­çi­li­gi­niň däp­le­ri» hem-de «Mol­la Epen­di­niň şor­ta söz­le­ri­ni gür­rüň be­ri­ji­lik dä­bi» ýa­ly mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň gör­nüş­le­ri ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň ab­raý­ly sa­na­wy­na go­şul­dy. Bu şat­lyk­ly ha­bar tu­tuş hal­ky­myz­da buý­sanç duý­gu­sy­ny oýar­dy. Bu gym­mat­lyk­la­ryň de­giş­li gü­wä­na­ma­la­ry bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze gow­şu­ryl­dy.

Keş­deçilik — ga­dy­my hem-de mü­di­mi sun­gat

Keş­de­çi­lik sun­ga­ty ha­kyn­da söz açy­lan­da, nus­ga­wy şa­hy­ry­myz Mäm­met­we­li Ke­mi­nä­niň: Me­niň di­lim, se­niň eliň hü­nä­ri, Nus­ga bo­lup gal­syn il­den-il­le­re —

Düwmeli gopuz

Gopuz dünýä halklarynda iň gadymy we giňden ýaýran saz gurallarynyň biridir. Ol dünýä halklarynyň 200-den gowragynyň milli saz guraly hasaplanýar. «Gopuz» sözi gadymy türk dilinden terjime edilende, «gop» sözi «beýik, belent», «uz» sözi «ses» diýen manyny berýär. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen bu gural häzirki wagtda hem türkmenleriň durmuşynda ulanylyp gelýän gadymy saz gurallaryň biridir. Her bir halkyň saz guraly şol halkyň geçmiş taryhy, medeni durmuşy bilen aýrylmaz bagly bolýar. Mähriban Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Türkmenlerde gopuz jenneti owazlary berýän mukaddes saz guraly hasaplanylýar» diýip nygtaýar.

Sagdynlyk hakdaky senaly setirler

Hereket etmegiň bes edilen ýerinde hemişe gowşaklyk peýda bolýar. Apuleý.

Geçmişe sarpa — geljege hormat

Pederlerimiziň paýhasy siňen, milli öwüşginlere baý medeni mirasymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, dörediji halkymyza şöhrat getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän milli mirasymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda we ony geljekki nesillere ýetirmekde, wagyz etmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Biz hem şundan ugur alyp, Türkmenabat şäherindäki 18-nji orta mekdepde «Geçmişe sarpa — geljege hormat» atly baýramçylyk dabarasyny we göçme sergini guradyk. Baýramçylyk dabarasynda ýokary synp okuwçylary tarapyndan türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ulyny sylamak, kiçä sarpa goýmak hakyndaky goşgulary labyzly okaldy we aýdymlar aýdyldy. Çäräniň dowamynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyzdan göçme sergi guraldy. Sergide haly we haly önümleri, mis gap-gaçlar, agaç önümleri, arhiw resminamalary, suratlar ýerleşdirildi. Sergide görkezilen esbaplar diňe bir owadanlygy bilen däl, eýsem, taryhy gymmatlygy bilen mekdep okuwçylarynda we mugallymlarda uly gyzyklanma döretdi. Guralan sergi ýaş nesli milli mirasymyza hormat goýmak, ony aýawly saklamak ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy.

Gözelleriň döreden gözelligi

Milli lybaslarymyz halkymyzyň asyrlaryň dowamynda medeni taýdan ösüşiniň basgançaklarynyň özboluşly beýanydyr. Hut şonuň üçin-de ýurdumyza dünýäniň dürli künjeginden gelýän myhmanlar muzeýlerdäki halylarymyzy, zenanlarymyzyň el işlerini synlanlarynda, olaryň her birine beýik taryhyň sahypalary hökmünde mynasyp baha berýärler. Dürli nagyşlar, keşdeler bilen bezelen lybaslarymyzy bolsa halkymyzyň kalbyny görüp bolýan ajaýyp aýna hökmünde häsiýetlendirýärler. Olarda halkymyzyň dürli döwürdäki ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy, medeni taýdan ösüş derejesi öz beýanyny tapýar. Munuň sebäbi, her bir nesliň öz düşünjesine, şertine, ahwalyna görä, milli gymmatlyklara, şol sanda lybaslara üýtgeşiklik, özgeriş girizýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, olaryň her birine öz döwrüniň ruhy keşbi siňipdir. Sungat derejesine ýetirilen nagyş-keşdelere türkmen terbiýe mekdebinden kemal tapan asyllylyk, päkizelik mahsusdyr. Muny türkmen halylarynyň, kürte-çabytlarynyň goýazy, agras keşbi bilen hem tassyklap bolar. Bu türkmen durmuşynyň, türkmen dünýäsiniň sungata siňen keşbi. Munuň aňyrsynda uly bir terbiýe mekdebi bar. Ene-mamalarymyz gyz perzende ýaňy gulpagy örüme girenden eline iňňe berip, iş öwredip başlapdyr. Olara ýörmemek, depjemek, gaýamak, bassyrmak, syrmak, arpyşdaklamak, köjemek ýaly ilkinji ujypsyzja sanjymlardan başlap, alaja örmegi, aldymgaç kakmagy, jähek çalmagy, keşde çekmegi

Dowamatyň dowam ýoly

Tebigatyň özi kämillik. Onda-da hiç bir närsesine düzediş girizmek mümkin däl derejede kämillik. Tebigatyň özi sungat. Şonuň üçin hem ynsan ogly ähli akyl-paýhasyny, ukyp-başarnygyny dünýä düşünmek islegine bagyş edipdir. Janly tebigatyň nesilleriniň dowamat-dowam ýoly ene keramaty bilen üznüksizlige eýedir. Bu islendik jandarda şeýledir. Biziň her birimize ýaňy dünýä inen taýçanajygyň, owlajygyň, guzujygyň, jüýjejigiň haýsydyr birine syn edip görmek bagty miýesser edendir. Olar owadanja, näzijek, eýjejik. Olar bilip ýa bilmezden ejeleri bilen dilsiz-agyzsyz ysnyşyp gidiberýärler. Ene hormaty olaryň süňňünde bar. Çünki nesilleri tebigatyň syrly güýji bir-birleri bilen berk baglanyşdyrýar. Olar ene hamraklygyna, ene mähribanlygyna kökerilendir.

Pyragynyň «Kepderisi» we durmuş

Biziň ýurdumyz — dünýewi döwlet. Şeýle-de şahyryň: «Sen ertire barýaň, kök urup düýne» diýşi ýaly, biziň taryhy gatlaryndaky   ruhy edebi mirasymyza aýagymyzy diräp, döwür bilen aýakdaş gidýändigimiz, häzirki zaman milli gymmatlyklarymyzy sergilerde we beýleki çärelerimizde dabaralandyrýandygymyz milli tejribä goýýan hormatymyzyň derejesini iş ýüzünde subut edýär. Gahryman Arkadagymyz — Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň «Ahlak hem durmuş gözelligi» atly bölüminde bellenilişi ýaly, tämiz dini garaýyşlar ynsan gatnaşyklaryny tertipleşdirýär, adamlary agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýar, her bir kişiniň başgalar bilen deňdigini, diňe bilim-düşünjesi, akyl-parasady, ahlak gözelligi, päkligi, adamkärçilik sypatlary, zähmeti bilen biriniň beýlekiden üstün bolup bilýändigini aýdýar. Hatda ylmyň we tehnologiýanyň örän ösen döwründe — biziň zamanamyzda hem päkize dini garaýyşlar öz ähmiýetini asla ýitirmeýär. Sebäbi, dini garaýyşlar bilim-düşünjä, ylma, paýhasa ters gelmeýär, aslynda, ol garaýyşlar bilim-düşünje, ylym, paýhas esaslaryna daýanýar, nesilleri oňat gylyk-häsiýetli edip terbiýelemäge kömek edýär.

Milli miras — milletiň mertebesi

Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly festiwalyň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Oňa bagşy-sazandalar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Festiwalyň esasy maksady halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň dowam edip gelýän däplerini ösdürmekden, bagşyçylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik aýratynlygy boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, bu milli sungaty ajaýyp şygyrlary bilen baýlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmekden, türkmen nusgawy şahyrlarynyň sözlerine döredilen aýdym-sazlary dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi ösdürmäge, sungata, döredijilige berýän uly ünsi halkymyzy begendirýär hem-de has hyjuwly, ruhubelentlik bilen zähmet çekmäge, döretmäge ruhlandyrýar. Goý, türkmeniň milli medeniýetiniň dünýä ýaýylmagynda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Sungatyň baýramçylyk bäsleşigi

10-njy maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Jemagat hojalygy müdirligine degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli gelin-gyzlarymyzyň arasynda “Keşdeli ömrüm — ajaýyp döwrüm” atly milli el işlerimize bagyşlanan bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň birinji şertinde, gelin-gyzlarymyz joşgunly hereketleri bilen nagyşlaryň atlaryny, milli lybaslarymyza salynýan nagyşlaryň inçe syrlaryny beýan etmek boýunça bäsleşdiler. Ikinji şertine laýyklykda, gelin-gyzlarymyz keşde çekip oturan wagtlary nagyşlary rowaýatlaryň, matallaryň, monjugatdylaryň, läleleriň üsti bilen wasp etdiler. Çeper elli gelin-gyzlarymyz bäsleşigiň üçünji şertinde bir aýdymyň dowamynda gyzlarymyzyň tahýasyndaky (gülýaýdy) nagşynyň bir bölegini keşdelemekde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Täsirli geçen bäsleşikde baş baýragy Suw çüwdürimlerini, seýilgählerini ulanmak we hyzmat etmek trestiniň 630 –  ga seýilgähiniň bagbany Jahan Ataýewa, 1-nji orny “Aşgabatýylylyk” trestiniň Ýylylyk energiýasynyň maýa hasaplaýyş bölüminiň esasy hünärmeni Owlak Ezizowa we “Zeýsuw we Suwaryş” müdirliginiň ykdysadyýetçisi Dürsoltan Muhtarowa, 2-nji orny Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş bi

Dürdäne şygyrlar — kalplaryň owazy

Geljek ýylda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu şanly senä taýýarlyk işleri dowam edýär. Şeýle belent hormat-sarpa akyldar şahyryň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Watansöýüjilige, agzybirlige we dost-doganlyga çagyran söz ussadynyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň hem ýüreginde orun alýar. Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny toplamakda we çap etmekde türkmen edebiýatçylaryndan B.A.Garryýew, G.O.Çaryýew, B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, Z.B.Muhammedowa dagy birnäçe işleri durmuşa geçirdiler. 1926-njy, 1940-njy, 1942-nji ýyllarda şahyryň eserler ýygyndysy çapdan çykdy.

Akmuhammet işan medresesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenmeklige uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, her bir obanyň ýazuw taryhy bolmalydyr, adamlar öz meşhur obadaşlaryny, olaryň zähmet we durmuş edermenligini, eziz obasynyň ösmegine goşan goşandyny bilmelidir. Olaryň atlary obanyň hormat kitabynda ebedi ýazylmalydyr. Taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolan ýerleriň biri-de özüne birnäçe obany birleşdirýän Astanababa şäherçesidir. Onuň çäginde «Kerki» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabynda duran ýadygärlikleriň 6-sy ýerleşýär. Şu ýadygärlikleriň arasynda Akmuhammet işan medresesi hem bar. Ony XIX-XX asyrlarda şu obada ýaşap geçen, ýaş nesli bilim-terbiýeli edip ýetişdirmäge ömrüni bagyşlan Akmuhammet işan gurdurýar.

Edebiň gözbaşy: Ula hormat goýmak, kiçini sylamak

Yzzat, hormat syn etmeginGörüm görülmegen ýerde.Akyl bolsaň, söz aýtmagynNobat berilmegen ýerde.Magtymguly Pyragy. ♦ Hormat etseň, hormat görersiň.♦ Sylag-hormat ýerinde gyzyldyr.♦ Sylasaň, sylag görersiň, gynasaň ― gynanç.♦ Sylasam ― pirim, sylamasam ― birim.♦ Sylany syla ― ataň guly däldir.Türkmen nakyllary.

Tarada dokalýan nepis keteniler

Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan baý medeni mirasy bar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň: «Biz şöhratly taryhymyzda orun alan senetçiligimiziň we milli mirasymyzyň nusgalyk görnüşleriniň dünýäde giňden meşhurdygyna örän buýsanýarys. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan senetçilik hem-de amaly-haşam sungatymyzyň görnükli nusgalary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýär» diýip belleýşi ýaly, milli gymmatlyklarymyz dünýäni haýrana goýýar. Ene-mamalarymyzyň sünnäläp, sungat derejesine ýetiren dokmaçylyk senedi häzirki ajaýyp döwrümizde täze röwşe eýe bolýar. Elde dokalýan sowsany, göwderi, galbiri, keteni, daraýy ýaly matalardan tikilýän nagyşly lybaslar türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini artdyrýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem eli çeper ene-mamalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän taraçy zenanlar az däl. Gyz-gelinlerimiziň sünnäläp dokaýan önümleri ýurdumyzda we onuň çäginden daşarda guralýan sergilerde mynasyp orun alyp, uly gyzyklanma döredýär. Gadymdan gözbaşly tara önümleriniň biri hem ketenidir. Gyz-gelinlerimiziň bu mata bolan islegi uludyr. Durmuşa çykýan gyzyň toý köýnegi hem keteniden tikilýär. Eli çeper ene-mamalarymyzyň ýiti zehininden dörän el işleriniň nusgalary häzirki ajaýyp günlerimizde döwrebap öwüşgine  eýe bolup, barha rowaçlanýar. Tarada dokalýan çabytlyk keteniler hem