Milli miras — milletiň mertebesi

10 Maý 2023
495

Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly festiwalyň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Oňa bagşy-sazandalar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Festiwalyň esasy maksady halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň dowam edip gelýän däplerini ösdürmekden, bagşyçylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik aýratynlygy boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, bu milli sungaty ajaýyp şygyrlary bilen baýlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmekden, türkmen nusgawy şahyrlarynyň sözlerine döredilen aýdym-sazlary dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi ösdürmäge, sungata, döredijilige berýän uly ünsi halkymyzy begendirýär hem-de has hyjuwly, ruhubelentlik bilen zähmet çekmäge, döretmäge ruhlandyrýar.

Goý, türkmeniň milli medeniýetiniň dünýä ýaýylmagynda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ýörite habarçymyz.