Tarada dokalýan nepis keteniler

10 Maý 2023
458

Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan baý medeni mirasy bar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň: «Biz şöhratly taryhymyzda orun alan senetçiligimiziň we milli mirasymyzyň nusgalyk görnüşleriniň dünýäde giňden meşhurdygyna örän buýsanýarys. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan senetçilik hem-de amaly-haşam sungatymyzyň görnükli nusgalary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýär» diýip belleýşi ýaly, milli gymmatlyklarymyz dünýäni haýrana goýýar. Ene-mamalarymyzyň sünnäläp, sungat derejesine ýetiren dokmaçylyk senedi häzirki ajaýyp döwrümizde täze röwşe eýe bolýar. Elde dokalýan sowsany, göwderi, galbiri, keteni, daraýy ýaly matalardan tikilýän nagyşly lybaslar türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini artdyrýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem eli çeper ene-mamalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän taraçy zenanlar az däl. Gyz-gelinlerimiziň sünnäläp dokaýan önümleri ýurdumyzda we onuň çäginden daşarda guralýan sergilerde mynasyp orun alyp, uly gyzyklanma döredýär.

Gadymdan gözbaşly tara önümleriniň biri hem ketenidir. Gyz-gelinlerimiziň bu mata bolan islegi uludyr. Durmuşa çykýan gyzyň toý köýnegi hem keteniden tikilýär. Eli çeper ene-mamalarymyzyň ýiti zehininden dörän el işleriniň nusgalary häzirki ajaýyp günlerimizde döwrebap öwüşgine  eýe bolup, barha rowaçlanýar. Tarada dokalýan çabytlyk keteniler hem gyz-gelinleriň arasynda ýörgünlidir. Olardan çepbetow, serinni, saryly, sarysy öçügsi we ýedi dürli çabytlyk keteniler zenanlaryň arasynda uly islege eýedir. Häzirki wagtda toý-baýramlarda gyz-gelinlerimiziň milli lybaslary geýnip, bezenip-beslenmegi däbe öwrüldi.

Gözel SEÝIDOWA,
«Daşoguz habarlary».