Dürdäne şygyrlar — kalplaryň owazy

10 Maý 2023
429

Geljek ýylda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu şanly senä taýýarlyk işleri dowam edýär. Şeýle belent hormat-sarpa akyldar şahyryň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Watansöýüjilige, agzybirlige we dost-doganlyga çagyran söz ussadynyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryň hem ýüreginde orun alýar.

Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny toplamakda we çap etmekde türkmen edebiýatçylaryndan B.A.Garryýew, G.O.Çaryýew, B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, Z.B.Muhammedowa dagy birnäçe işleri durmuşa geçirdiler. 1926-njy, 1940-njy, 1942-nji ýyllarda şahyryň eserler ýygyndysy çapdan çykdy.

Şabadin MATÝUSUPOW ,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.