Sungatyň baýramçylyk bäsleşigi

10 Maý 2023
981

10-njy maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Jemagat hojalygy müdirligine degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli gelin-gyzlarymyzyň arasynda “Keşdeli ömrüm — ajaýyp döwrüm” atly milli el işlerimize bagyşlanan bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň birinji şertinde, gelin-gyzlarymyz joşgunly hereketleri bilen nagyşlaryň atlaryny, milli lybaslarymyza salynýan nagyşlaryň inçe syrlaryny beýan etmek boýunça bäsleşdiler. Ikinji şertine laýyklykda, gelin-gyzlarymyz keşde çekip oturan wagtlary nagyşlary rowaýatlaryň, matallaryň, monjugatdylaryň, läleleriň üsti bilen wasp etdiler. Çeper elli gelin-gyzlarymyz bäsleşigiň üçünji şertinde bir aýdymyň dowamynda gyzlarymyzyň tahýasyndaky (gülýaýdy) nagşynyň bir bölegini keşdelemekde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Täsirli geçen bäsleşikde baş baýragy Suw çüwdürimlerini, seýilgählerini ulanmak we hyzmat etmek trestiniň 630 –  ga seýilgähiniň bagbany Jahan Ataýewa, 1-nji orny “Aşgabatýylylyk” trestiniň Ýylylyk energiýasynyň maýa hasaplaýyş bölüminiň esasy hünärmeni Owlak Ezizowa we “Zeýsuw we Suwaryş” müdirliginiň ykdysadyýetçisi Dürsoltan Muhtarowa, 2-nji orny Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň Köpetdag etrap Arassaçylyk müdirliginiň gözegçisi Hatyja Hümmedowa hem-de Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň ykdysadyýet bölüminiň hünärmeni Arzuw Annadurdyýewa, 3-nji orny Büzmeýin etrap Bagçylyk müdirliginiň meýilnama bölüminiň hünärmeni Ogulgerek Ýegenmedowa eýeläp, ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular.  Bäsleşigiň dowamynda döwrebap türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi hem täsirli boldy.

Biz hem keşdeçi zenanlarymyzy bu gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Taýýarlan Züleýha GULOWA,
“Zenan kalby”.