Terbiýe ojagy

18 Maý 2023
577

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda maşgala binýadyny berkitmekde, nesillerimizi türkmençiligiň baý däpleri esasynda ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer edip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar.

Könelerimiz öý bikesiniň maşgalanyň abraýyny goramakda, mertebesini, agzybirligini berkitmekde bitirýän işlerine mynasyp baha beripdirler. Ata-babalarymyzyň döreden: «Ýagşy aýal ýok zadyňy bar eýlär», «Ýagşy bolsa aýalyň, gülmezden öň güldürer» diýen ýaly nakyllary hem munuň durmuş mysalydyr.

Tawus HANDURDYÝEWA,
Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy.