Düwmeli gopuz

16 Maý 2023
424

Gopuz dünýä halklarynda iň gadymy we giňden ýaýran saz gurallarynyň biridir. Ol dünýä halklarynyň 200-den gowragynyň milli saz guraly hasaplanýar.

«Gopuz» sözi gadymy türk dilinden terjime edilende, «gop» sözi «beýik, belent», «uz» sözi «ses» diýen manyny berýär. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen bu gural häzirki wagtda hem türkmenleriň durmuşynda ulanylyp gelýän gadymy saz gurallaryň biridir. Her bir halkyň saz guraly şol halkyň geçmiş taryhy, medeni durmuşy bilen aýrylmaz bagly bolýar. Mähriban Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Türkmenlerde gopuz jenneti owazlary berýän mukaddes saz guraly hasaplanylýar» diýip nygtaýar.

Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.