Tebigatyň goraglylygy — durmuşyň gözelligi

11 Mart 2022
1149

Ekologiýa diplomatiýasy umumadamzat meselesidir, özi-de juda wajypdyr. Ýer togalagy — biziň umumy öýümiz, onuň haýsydyr bir künjeginde bolýan tebigy hadysa beýleki yklymlara hem belli bir täsirini ýetirýär. Şonuň üçin Halk Maslahatynyň taryhy mejlisindäki çykyşynda milli Liderimiz döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllary içinde düýpli kämilleşen ekologiýa diplomatiýasynyň mundan beýläk-de has giňeldilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy gorap saklamak ugrunda bitirilýän işler sanardan kän. Garagumuň gujagynda döredilen hem-de taslama kuwwaty artdyrylýan «Altyn asyr» Türkmen köli hakykatda ekologiýa abadançylygynyň tutuş Aziýa yklymyndaky nusgasydyr. Ekologlar bu kölüň kenarynda öň görülmedik guşlaryň dürli görnüşleriniň gyşlamaga galýandygyny ýa-da pasla görä düşläp geçýändigini eýýäm hasaba aldylar. Guşlar ekologiýa diplomatiýasynyň habarçylarydyr. Olar diňe howpsuz, ot-iými ýeterlik, rahat ýerde düşleýär ýa-da hemişelik höwürtge edinýärler.

Maral MÖWLAMOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.