Milli mirasymyza çuňňur sarpanyň beýany

16 Maý 2023
878

ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huriniň ýurdumyza getiren hoş habary—«Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly medeni mirasymyzyň görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi mynasybetli degişli güwänamalary gowşurmagy halkymyzda uly buýsanç döretdi. Bu hoş habar mynasybetli 16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat geçirildi.

Mukamlar köşgüniň giň foýesinde ýaýbaňlandyrylan serginiň adatdakylardan köp görnüşlidigini bellemeli. Owadan milli lybaslar, sünnälenip bejerilen kürtedir çyrpylar, çabytlar, ýüňden we ýüpekden nepislik bilen dokalan haly önümleri, dürli bezegler milli mirasymyzyň dünýäde deňsiz-taýsyzdygynyň subutnamasy bolup, göreni haýrana goýdy. Dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan medeni mirasy, milli gymmatlyklary barada buýsançly sözler aýdyldy. Ajaýyp keşdeleri, haly nagyşlaryny döreden çeper el işleriniň ussady, mirasgär Ogulbaýram Kulyýewa ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşyp, şeýle diýdi:

«Zenan kalby».