"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Nesil terbiýesi

Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly eserinde: «Häzirki zamanda türkmen medeniýetiniň birinji derejeli wezipesi, öz öňünde beýik maksatlary goýup bilýän we oňa ýetmegi başarýan, döredijilikli, işjeň nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär. Aslynda, maksatlylyk sagdynlygyň hem bir çeşmesidir. Hasyl bolan maksatlar bolsa ynsana goşa-goşadan joşgun, yhlas, ylham we ynam berýär, öňküden-de has beýik we täze maksatlara ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragynyň: «Görmesem, söýlemen oý  bile çenden, // Maksadyna ýeter, ýykylan çyndan» diýen setirleri hem muny tassyklaýar. Perzentlere belent maksatlylygy öwredenimizde, olara il-ýurt, döwlet bähbidini has ileri tutmalydygyny ündemelidiris. Bu ata-babalarymyzyň nesilleri il keşigini çekip bilýän kämil ynsanlar edip ýetişdirmek baradaky aladalarynyň özenini düzýär. «Halallyk kyssalary» atly kitapda Sarahs babanyň öz şägirtleriniň arzuw-niýetleri bilen gyzyklanyşy hakynda täsirli bir rowaýat bar.

Degirmeniň taryhyndan

Halk arasynda «Degirmenim — unly genjim», «Süňňi pägiň bugdaýy — kilwançyň rysgal toýy», «Degirmenim bar — doýgun demim bar», «Dişsiz agyz — daşsyz degirmen», «Un paýlasaň mätäje ber, degirmençä barsaň harazça» diýlen pähimler saklanyp galypdyr. Dogrudan-da, halkymyzyň geçmiş-taryhyna ser salanymyzda, degirmenler gündelik durmuşda giňden ulanylýan desgalaryň esasylarynyň biri bolupdyr. Olar dürli-dürli bolup, el degirmeni, suw degirmeni, ýel degirmeni we bug degirmeni halk arasynda giňden ulanylypdyr. Belli alym Süleýman Süleýmanowyň «Degirmenler halkymyzyň maddy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir» diýen ylmy işinde degirmenleriň dürli görnüşleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Alymyň belläp geçişi ýaly, suw degirmenleri biziň eýýamymyzyň II — IV asyrlarynda Türkmenistanyň çäklerinde peýda bolup başlapdyr. Bu maglumat eýýäm şol döwürlerde Türkmenistanda ekerançylygyň ösdürilmegine uly üns berlendigine şaýatlyk edýär. Taryhy çeşmeleriň beýan etmegine görä, Daňdanakan medeni ýadygärliginiň çäklerinde tapylan el degirmenleri X asyr bilen senelenýär.

Tymsallar

Ilki özüňi üýtgetmeli Dana Baýezid Bistami şeýle gürrüň beripdir:

BOÝNA ZYNAT, GÖWNE GANAT

Zergärçilik sungaty öz taryhy gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Muňa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmenistanyň gadymy dünýä taryhy» zalynda daş asyrynda adamlaryň deňiz balykgulaklaryndan monjuk ýasap oturan pursatlarynyň şekillendirilmegi has aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ýeri gelende bellesek, Altyndepede, Änewde, Namazgadepede arheologik gazuwagtaryş işleri geçirilende daşdan ýasalan monjuklar ýüze çykaryldy. Marguş şalygynyň paýtagty Goňurdepeden tapylan gymmatlyklaryň arasynda hem gymmat we ýarym gymmatbaha daşlardan düzülen monjuklaryň dürli görnüşleri bar. Arheolog alymlaryň tassyklamagyna görä, geçmişde bezeg şaý-sepleri erkek kişiler hem dakynypdyrlar. Gelin-gyzlar üçin gymmatbahaly daşlardan monjuk, asyk, ýüzük ýaly şaý-sepleri ýasamak Nusaýda has ýörgünli bolupdyr. Zergärçiligiň ösmegine ülkeleriň arasynda gadymy kerwen ýollary arkaly söwdanyň ýola goýulmagy oňyn täsir edýär. Bu hadysa zergärleriň ulanýan gymmat bahaly daşlarynyň, metallarynyň görnüşleriniň köpdürlüligine, bir ýurtdan beýleki bir ýurda aşmagyna şert döredýär. Keremli türkmen topragy hem gadymy döwürlerden bäri dag magdanlarynyň, gymmat bahaly daşlaryň baý goruna eýe ülke hasaplanýar. Dagdan hakyk, göwher, pöwrize, zümerret, lagyl, deňiz düýbünden dür, merjen, ýakut, sadap daşlaryny almaklyk aýratyn kesp hökmünde ýüze çykypdyr. Türkmen zergärleri

Haly önümçiliginde saryja goýnuň ýüňüniň orny

Türkmen halylarynyň berk we reňkiniň özboluşly bolmagy köp babatda olary dokamak üçin ulanylýan ýüňüň hiline we häsiýetine baglydyr. Saryja goýunlaryń ýaz ýüňi bolsa özboluşly owadanlygy, nepisligi, berkligi bilen bütin Ýer ýüzünde meşhurlyk gazanan türkmen halylaryny dokamak üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Saryja goýunlarynyň ýüňi birsyhly däl, ýarym irimçik, ýumşak, ýeterlikli çeýe, ýalpyldawuk ak reňkli, sütük süýümi uzyn bolup, haly dokamak üçin iň ýaramly ýüň hasap edilýär. Ýüňüň ak reňkde bolmagy ony dürli reňklere boýamaga mümkinçilik berýär.

Şygyrlary — ylham çeşmesi

Türkmen halkynyň ösdürip kemala getiren gyzdan gylykly gamyşgulak bedewi, Günden çogly halysy, owazy daglary elendirýän dutary özbaşyna bir sungat eseri. Onsoň, şeýle şahyrana kalby bolan halkyň beýik şahyrynyň bolmalydygy hem tebigy ýagdaý. Magtymguly Pyragy beýik şahyrlarymyzyň biri bolup, türkmen halkynyň diliniň senasyna öwrüldi. Şahyrlar akyldaryň waspyny ýetirip goşgy düzseler, bagşylar şygyrlaryny saza goşup, aýdyma öwürdiler. Ussat halyçy, keşdeçi zenan Ogulbaýram Kulyýewa bolsa: «Türkmen halysy diýilse, dessine türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragy biygtyýar ýadyma düşýär» diýip, şahyryň keşbi çitilen haly portretini dokan pursatlaryny hakydasynda aýlaýar.

Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana!

Türkmen halky gadymdan gelýän däp-dessurlaryna uly sarpa goýýar. Her döwrüň ýaşaýyş-durmuş şertlerine görä, käbir üýtgeşmeler bolup geçse-de, ata-babadan dowam edip gelýän, pederleriň ruhy siňen milli ýörelgeler şu günlere gelip ýetipdir. Bu ýagdaýy durmuş toýlary bilen bagly däp-dessurlaryň mysalynda-da synlamak bolýar. Ylaýta-da, gelin edinip toý tutanda serden geçmesi, joşgunly köňlüniň emri bilen dünýe baýlygyny orta seçmesi türkmeniň owal-ahyrda ruhuna siňen milli häsiýeti bolup gelipdir. Türkmençilikde ýaşlaryň durmuş toýy — ogul öýermek, gyz göçürmek toýlaryň iň ulusy hasaplanýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň:

Men bir kitap okadym...

Men bir kitap okadym. Döredijilik işgäri bolandygym üçin ol meni kän oýlandyrdy. Elbetde, edebiýatymyzyň meseleleri hakynda. Edebiýata edebiýaty öwrenijileriň, nazaryýetçileriň täze garaýyşlarynyň, usulyýetçileriň täze tejribelerine zerurlyk bardygy barada oýlandym. Halk döredijiligimizden nähili peýdalanmalydygynyň pikirini etdim. Dessanlarymyzy, nusgawy şahyrlarymyzy täzeçe özleşdirmelidigimize düşündim. Men bir kitap okadym. Şunuň ýaly ýanyňda göterip, islän wagtyň okaýar ýaly kitaplaryň zerurdygyny nygtasym geldi.

Magtymguly — umumadamzat şahyry

Golaýda paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän ylmy maslahatyň baş maksady Gündogar halklarynyň nusgawy edebiýatyny, filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden, wagyz etmekden, ol halklaryň diliniň we edebiýatynyň özara baglanyşygy boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden ybaratdyr. Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, akademiki institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, şeýle hem bu gurama agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň alymlary, ugurdaş hünärmenleri forumyň myhmanlary boldular. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda bu maslahatyň beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy

Gadymy tapyndylar

Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärligi türkmen topragynda gadymy şäherçeleriň biridir. Paryzdepe üç bölekden ybarat: içki galadan (Erk gala), şäherçäniň özünden we rabat-şäherçäniň eteginden durýar. Şeýle hem iri ýer-mülk eýeleriniň garawul-diňli howly-galalary ХIХ asyryň ahyry ХХ asyryň başlaryna çenli dowam edipdir.

«Gülüň owadan!»

Şeýle at bilen şu gün, ýagny 6-njy iýulda paýtagtymyzyň „Aşgabat“ myhmanhanasynyň toý zalynda Aşgabat şäheriniň etraplarynyň çeper elli zenanlarynyň arasynda keçe taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden „Gülüň owadan!“ atly bäsleşigiň maksady öýlerimiziň bezegi bolan türkmen keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmekden, täze görnüşlerini ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň düýbüni tutmak dabarasynda sözlän sözünden:

Şu gün ägirt uly taslamanyň — tutuş şäheriň gurluşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine badalga berilýär. Şunuň ýaly giň möçberli taslamalary amala aşyrmak pugta ykdysady binýady we örän uly ösüş ugurlary bolan ýurda başardýar. * * *

Tarypyna söz ýetmeýär goçagyň

Ene-mamalarymyzdan miras galan ýörelgelere laýyklykda çäkmenleriň, donlaryň, çabytlaryň, kürteleriň ýartmaçlarynda, jähegiň birigýän uçlaryna «goçak» nagşy bilen pugtama edilýär. Bu nagyş halydyr palaslarymyza, milli lybaslarymyzyň keşdelerine hem salynýar. Hut şonuň üçin halk döredijiligimizde goçuň şahyna meňzeş bu nagşyň ady giňden ulanylýar. Gyzlar öz lälelerinde: «Ýuwalaryň gotazy,Jümjümäniň seçegi,Meniň körpe doganymÝigitleriň goçagy»

Rysgalyň gözbaşy

Iňňesi syrmadan sapakly, oýmagy kümüş örtükli türkmen gelin-gyzlary iş edenlerinde, tygşytlylygy bilen tapawutlanýarlar. Olar el işlerini nusgalyk derejesinde ýerine ýetirýärler. Kiçiligimizden ejem bize saçak dokamagy öwredende: «Saçagy dokap başlanyňdan, ol öz rysgalyny özi dilärmiş. Saçagy ýanyňdan aýyrmasaň, rysgalyň özi geler» diýip maslahat bererdi. Şonuň üçin obamyzda durmuşa çykýan gyzlar bukjasyna niýetläp hökman saçak hem dokaýarlar. Saçak dokalanda, aýyň, günüň hasabyna seredilýär. Ýyldyzyň asmanda ýa-da ýerdedigine ähmiýet berilýär. Sähetli gün saçak dokalyp başlananda, öýde ýagşylygyň söhbedi edilýär, birek-birege gowulyk, rysgal-bereketlilik niýetlenilýär. Saçak dokalanda, düýäniň «torum gapdaly» diýen nepis ýüňi saýlanyp alynýar.

Manyly ömrüň dowamaty

Gahryman Arkadagymyz Gurban baýramynyň birinji gününde geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisinde sözlän sözünde «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýdyp: «Men geçilen ýollar, duşuşyklar, ynsan ykballary hakynda kän oýlanýaryn. Täze kitabymda hem, ine, şolar barada pikir ýöretdim. Iş saparlarymdaky wakalary, dünýäniň abraýly syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklarymy ýakymly ýatlamalar bilen täze kitabymda hem beýan etdim. Durmuş ýoly uzak. Oý-pikirler entegem kän. Şonuň üçin bu kitabyň — «Ömrümiň manysynyň dowamatynyň» hem dowamy bolar diýip ynandyrýaryn» diýip belledi. Gurban baýramynyň birinji gününde, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda elimize gowşan täze kitap toý-baýramly günlerimiziň şatlygyny goşalandyryp, köňüllere ruhy joşgun paýlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri öz ömrüniň manysyny ýurt parahatçylygynda, il-günüň bagtyýarlygynda, agzybirliginde görýär. «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy», «Öwreneniň özüňki», «Geçmişiňe buýsanmak — geljegiňi gurmak», «Ömrüňiz uzak bolsun!» ýaly bölümlerden ybarat bolan täze kitapda manyly ömrüni ata Watanymy

Bagtyň keşbi sende

Halkymyzyň göwnüni galkyndyran Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, 28-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitabyň çap edilendigini habar berdi. Bu hoş habar kitaby mukaddeslik saýýan, oňa gymmatly edebi miras hökmünde sarpa goýýan agzybir halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitap Gün şuglaly nurana şäheriň açylyş dabarasyna ajaýyp sowgat boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň, oňyn özgerişleriniň, buýsançly wakalaryň şaýady bolýar. Her güni toý-baýramlara beslenýän mähriban Diýarymyzyň täze taryhynyň şanly senenamasynda orun alan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy hem bagtyýar halkymyzyň hakydasynda müdimilik orun aldy. «Akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurlan sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gözelligini, ajaýyp binalarynda häzirki zaman hem-de milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşygyny göreniňde kalbyňy ýakymly duýgular gaplaýar.

Şatlygymyz goşalandy

Toýlary toýlara ulaşýan güneşli Diýarymyzda her bir günümiz ýatdan çykmajak wakalara, şatlykly pursatlara sapýar. Mukaddes Gurban baýramynyň toý dabaralarynyň şatlyk-şowhunynyň alyslara ýaň salýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň, şeýle-de «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitabyň çapdan çykandygy hakdaky şatlykly habarlar hem ýatda galyjy ajaýyp wakalara öwrülip, ildeşlerimize gymmatly toý sowgady boldy. Gahryman Arkadagymyz kitaba çäksiz sarpa goýýar, oňa uly gymmatlyk hökmünde garaýar. «Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp görkezýän ajaýyp aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasydyr» diýip belleýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň toý-baýramlara gabatlanyp, ulus-ilimizi täze kitaplary bilen begendirip durmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ine, nurana Gurban baýramynyň toýlanýan günlerinde, ýurdumyzda deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň dabaraly açylýan çagynda-da bagtyýar ildeşlerimize täze ajaýyp kitaplary maňlaýyna sylmak bagty miýesser etdi.

Örüm — milli hünärim

Ene-mamalarymyz pagtadan we goýun ýüňünden hojalyk üçin zerur bolan sallançak bagyny, dürli ölçegli, görnüşli alajalary, gyz-gelinlere we erkek adamlara niýetlenen joraplary, egin-eşikleri örmekligi sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Örüm örmek üçin, ilkinji nobatda, ýüňden ýüp taýýarlanýar. Ene-mamalarymyz ýüňi tüýdüp, ýylgyn, tut çybyklary bilen saýlap alan ýüňlerini mazaly saýypdyrlar. Soňra ýüňi darap, sümek edipdirler hem-de egrip bükdüripdirler we ýumak edipdirler. Şu işleri ýerine ýetirmek üçin saýgyç, ýüňdarak, ik, ikbaş ýaly gurallar zerur bolupdyr. Saýgyç — ýüň saýmak üçin ulanylýan uzyn çybyk. Barmak ýogynlygyndaky saýgyç çybyklary esasan tutdan we ýylgyndan taýýarlanypdyr.

Mukaddes gurban baýramy

Ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelen däp-dessurlary, edim-gylymlary häzirki döwrümizde bitewi milli medeniýetimiziň bir bölegi hökmünde ýaşlarymyzy terbiýelemäge ýardam berýär. Millilik diýen düşünjäniň özeninde halkyň müňýyllyklaryň jümmüşinden öz gymmatlyklary hökmünde aýap-apalap, saklap we baýlaşdyryp gelýän dünýägaraýşy bardyr. Gurban baýramy döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän, belent ahlak ýörelgelerini hem-de ynsanperwerligi özünde jemleýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, dostlugy, ynsanperwerligi dabaralandyrýar. Gurban baýramynyň many-mazmunynda ahlak gymmatlyklarymyz, ruhy ynanjymyz bilen birlikde, özboluşly medeni däplerimiz hem mynasyp orun eýeleýär. Her bir ojakda bereketli saçaklar giňden ýazylyp, il-ýurt abadançylygynyň, sag-salamatlygyň, rysgal-döwletliligiň dowamat-dowam bolmagynyň hatyrasyna ýagşy doga-dilegler edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Gurban baýramyny bellemek hakynda» Permanyna laýyklykda, gadymdan bäri aýratyn sarpa goýulýan bu mukaddes baýramçylygyň şanyna üç günüň dowamynda, milli däplerimize eýerilip, ýurdumyzyň ähli künjeginde

Magtymguly — halkyň öçmez çyragy

Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyzyň goşgulary ähli döwür üçin aýdyň ýörelgedir. Onuň döredijiligindäki pelsepä ýugrulan goşgulary ähli döwürlerde-de adamzada ruhy goldaw beripdir. Gahryman Arkadagymyzyň dana pähim-paýhasyna ýugrulan «Döwlet guşy» romanynyň hem bir bölümçesi şahyryň «Ýeldim tut» goşgusynyň ady bilen berilýär. Romanda urşuň gazaply ýyllarynda türkmen halkynyň kynçylyklara döz gelip, her bir kynçylygy agzybirlik, zähmetsöýerlik bilen ýeňişleri barada örän täsirli gürrüň berilýär. Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Döwlet guşy» romanyny okap, Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň dana pederlerinden kök alýandygyna anyk göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda Magtymgulynyň sarpasy barada aýdara, öwrenere zat örän kän.