Mukaddes gurban baýramy

29 Iýun 2023
608

Ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelen däp-dessurlary, edim-gylymlary häzirki döwrümizde bitewi milli medeniýetimiziň bir bölegi hökmünde ýaşlarymyzy terbiýelemäge ýardam berýär. Millilik diýen düşünjäniň özeninde halkyň müňýyllyklaryň jümmüşinden öz gymmatlyklary hökmünde aýap-apalap, saklap we baýlaşdyryp gelýän dünýägaraýşy bardyr. Gurban baýramy döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän, belent ahlak ýörelgelerini hem-de ynsanperwerligi özünde jemleýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, dostlugy, ynsanperwerligi dabaralandyrýar. Gurban baýramynyň many-mazmunynda ahlak gymmatlyklarymyz, ruhy ynanjymyz bilen birlikde, özboluşly medeni däplerimiz hem mynasyp orun eýeleýär.

Her bir ojakda bereketli saçaklar giňden ýazylyp, il-ýurt abadançylygynyň, sag-salamatlygyň, rysgal-döwletliligiň dowamat-dowam bolmagynyň hatyrasyna ýagşy doga-dilegler edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Gurban baýramyny bellemek hakynda» Permanyna laýyklykda, gadymdan bäri aýratyn sarpa goýulýan bu mukaddes baýramçylygyň şanyna üç günüň dowamynda, milli däplerimize eýerilip, ýurdumyzyň ähli künjeginde naz-nygmatlar bilen bezelen saçaklarymyz giňden ýazylyp, gurbanlyk sadakalary berilýär, il-ýurt abadançylygy üçin dilegler edilýär.

Islamberdi SAPARMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň uly mugallymy, polisiýanyň uly leýtenanty.