Aziýanyň ýüregindäki ýürekdeşlik

9 Awgust 2021
1047

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirilen çäreleriň hatarynda sebitiň zenanlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşi — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy möhüm taryhy waka boldy.

Sebitiň ýurtlarynyň bäşisiniň wekillerini, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän forumda öňde durýan möhüm wezipeler, hususan-da, gender deňligini gazanmak babatda anyk maksatlar kesgitlendi.

Gurbangül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.