Nesil terbiýesi

13 Iýul 2023
563

Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly eserinde: «Häzirki zamanda türkmen medeniýetiniň birinji derejeli wezipesi, öz öňünde beýik maksatlary goýup bilýän we oňa ýetmegi başarýan, döredijilikli, işjeň nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär. Aslynda, maksatlylyk sagdynlygyň hem bir çeşmesidir. Hasyl bolan maksatlar bolsa ynsana goşa-goşadan joşgun, yhlas, ylham we ynam berýär, öňküden-de has beýik we täze maksatlara ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragynyň: «Görmesem, söýlemen oý  bile çenden, // Maksadyna ýeter, ýykylan çyndan» diýen setirleri hem muny tassyklaýar.

Perzentlere belent maksatlylygy öwredenimizde, olara il-ýurt, döwlet bähbidini has ileri tutmalydygyny ündemelidiris. Bu ata-babalarymyzyň nesilleri il keşigini çekip bilýän kämil ynsanlar edip ýetişdirmek baradaky aladalarynyň özenini düzýär. «Halallyk kyssalary» atly kitapda Sarahs babanyň öz şägirtleriniň arzuw-niýetleri bilen gyzyklanyşy hakynda täsirli bir rowaýat bar.

Maral ANNAMAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.