Bagtyň keşbi sende

4 Iýul 2023
444

Halkymyzyň göwnüni galkyndyran Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, 28-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitabyň çap edilendigini habar berdi. Bu hoş habar kitaby mukaddeslik saýýan, oňa gymmatly edebi miras hökmünde sarpa goýýan agzybir halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitap Gün şuglaly nurana şäheriň açylyş dabarasyna ajaýyp sowgat boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň, oňyn özgerişleriniň, buýsançly wakalaryň şaýady bolýar. Her güni toý-baýramlara beslenýän mähriban Diýarymyzyň täze taryhynyň şanly senenamasynda orun alan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy hem bagtyýar halkymyzyň hakydasynda müdimilik orun aldy. «Akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurlan sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gözelligini, ajaýyp binalarynda häzirki zaman hem-de milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşygyny göreniňde kalbyňy ýakymly duýgular gaplaýar.

Wepa JUMABAÝEW,
Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy, maýor.