Magtymguly — umumadamzat şahyry

6 Iýul 2023
1309

Golaýda paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän ylmy maslahatyň baş maksady Gündogar halklarynyň nusgawy edebiýatyny, filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden, wagyz etmekden, ol halklaryň diliniň we edebiýatynyň özara baglanyşygy boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden ybaratdyr.

Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, akademiki institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, şeýle hem bu gurama agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň alymlary, ugurdaş hünärmenleri forumyň myhmanlary boldular. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda bu maslahatyň beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizilen edebi mirasyny öwrenmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we giňeltmek babatda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna ynam bildirilýär.