Tarypyna söz ýetmeýär goçagyň

5 Iýul 2023
693

Ene-mamalarymyzdan miras galan ýörelgelere laýyklykda çäkmenleriň, donlaryň, çabytlaryň, kürteleriň ýartmaçlarynda, jähegiň birigýän uçlaryna «goçak» nagşy bilen pugtama edilýär. Bu nagyş halydyr palaslarymyza, milli lybaslarymyzyň keşdelerine hem salynýar. Hut şonuň üçin halk döredijiligimizde goçuň şahyna meňzeş bu nagşyň ady giňden ulanylýar. Gyzlar öz lälelerinde:

«Ýuwalaryň gotazy,
Jümjümäniň seçegi,
Meniň körpe doganym
Ýigitleriň goçagy»

Şirin ATADŽANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.