Rysgalyň gözbaşy

5 Iýul 2023
530

Iňňesi syrmadan sapakly, oýmagy kümüş örtükli türkmen gelin-gyzlary iş edenlerinde, tygşytlylygy bilen tapawutlanýarlar. Olar el işlerini nusgalyk derejesinde ýerine ýetirýärler. Kiçiligimizden ejem bize saçak dokamagy öwredende: «Saçagy dokap başlanyňdan, ol öz rysgalyny özi dilärmiş. Saçagy ýanyňdan aýyrmasaň, rysgalyň özi geler» diýip maslahat bererdi. Şonuň üçin obamyzda durmuşa çykýan gyzlar bukjasyna niýetläp hökman saçak hem dokaýarlar.

Saçak dokalanda, aýyň, günüň hasabyna seredilýär. Ýyldyzyň asmanda ýa-da ýerdedigine ähmiýet berilýär. Sähetli gün saçak dokalyp başlananda, öýde ýagşylygyň söhbedi edilýär, birek-birege gowulyk, rysgal-bereketlilik niýetlenilýär. Saçak dokalanda, düýäniň «torum gapdaly» diýen nepis ýüňi saýlanyp alynýar.

Mahym HANYÝEWA,
Saýat etrabyndaky 34-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.