Degirmeniň taryhyndan

13 Iýul 2023
567

Halk arasynda «Degirmenim — unly genjim», «Süňňi pägiň bugdaýy — kilwançyň rysgal toýy», «Degirmenim bar — doýgun demim bar», «Dişsiz agyz — daşsyz degirmen», «Un paýlasaň mätäje ber, degirmençä barsaň harazça» diýlen pähimler saklanyp galypdyr. Dogrudan-da, halkymyzyň geçmiş-taryhyna ser salanymyzda, degirmenler gündelik durmuşda giňden ulanylýan desgalaryň esasylarynyň biri bolupdyr. Olar dürli-dürli bolup, el degirmeni, suw degirmeni, ýel degirmeni we bug degirmeni halk arasynda giňden ulanylypdyr.

Belli alym Süleýman Süleýmanowyň «Degirmenler halkymyzyň maddy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir» diýen ylmy işinde degirmenleriň dürli görnüşleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Alymyň belläp geçişi ýaly, suw degirmenleri biziň eýýamymyzyň II — IV asyrlarynda Türkmenistanyň çäklerinde peýda bolup başlapdyr. Bu maglumat eýýäm şol döwürlerde Türkmenistanda ekerançylygyň ösdürilmegine uly üns berlendigine şaýatlyk edýär. Taryhy çeşmeleriň beýan etmegine görä, Daňdanakan medeni ýadygärliginiň çäklerinde tapylan el degirmenleri X asyr bilen senelenýär.

Arzuw BEKIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy.