"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ynsan gylykly, uz basyşly

Türkmen toýlarynda ýörite serenjam berlen bezemen atlar ýaryşa goýberilýär. Olar çapyşygyň dabarasyny dag aşyryp, toýy toýa meňzedýärler. Çarpaýa galyp, ýyldyrym ýaly süýnüp barýan bedewler kişňände, ýürekler heýjana gelýär. Agyzdyrygyny çeýnäp, karar tapman, iki tarapa çyrpynýan bedew owadan we uz, çeýeden gelen batyrgaý hereketleri bilen göreni haýran galdyrýar. Bedewiň bu okgunly hereketleri, hakykatdan hem, dolup hem daşyp, dyngysyz köwlenip akýan mele suwly Jeýhuny ýatladýar.

Şirin diliň tarypy

Orta asyrlarda owaza baý pars dili — şygryýetiň dili, öwrümlere baý arap dili bolsa, ylym dili hasaplanypdyr. Şol döwrüň şahyrlary pars dilinde şygyr ýazypdyrlar, arap dilinde ylmy işleri döredipdirler. Baýlar, begler, hanlar, şalar, soltanlar öz ene dilinden daşary pars hem arap dillerini bilmegi sahyplyk hasap edipdirler. Türkmen hökümdarlarynyň ogullary atabegleriň ellerinde terbiýelenipdirler. Atabegler çagalara türkmen dilinden başga ýedi dili öwredipdirler. Ýöne meşhur Nowaýy türki diliň hem çeperçilik serişdelerine baýdygyny, şahyrana owazlydygyny subut eden ägirtdir.Edebi çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Abdyrahman Jamy bir gün Alyşir Nowaýyny diňläp: «Tüweleme, sen türki diliniňem arap-pars dilinden pes däldigini subut etdiň, öz dilinden ýüz öwrüp, gaýry dilde ýazanlaryň agzyny mumladyň, şygryýet äleminde täze bir heň döretdiň, owaz ýaratdyň!» diýipdir. Şol gün üýşüp, oňa Nowaýy lakamyny beripdirler. «Nowa» sözi pars dilinde äheň, owaz diýen manylary aňladýar. Onuň bir goşgusynda arap diline, hem pars diline hormat goýulýar, olaryň sypaty, syraty taryp edilýär. Üçünji, dördünji setirlerinde bolsa, türki diliniň hem şol dillerden bigörk däldigi, belki, has owadandygy beýan edilýär. Nowaýy goşguda arap diliniň sypatyny serwi agajyna meňzedýär. Yz ýanyndan pars dili hem edil arap dili ýaly kaddy-kamaty ýerindäki, ajaýyp bir gözeldir diýýär. Goşgynyň üçünji, dördünji setiri

Tymsallar

Goja hem Ajal Ýaşy ýüzden aşan bir goja bar ekeni. Ajal şeýle gaty garran adamyň ýaşaýandygyny eşidip, onuň ýanyna gelipdir-de:

Türkmeniň ak öýi – ak bagtyň nury

Türkmen obalaryny ak öýsüz göz öňüne getirmek mümkin däl. Häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş şertlerinde-de şarňyldap duran jaýynyň ýanyndan ak gümmez ýaly ak öýi gurýan hojalyklar az däl. Eýsem, munuň özi ata-babalarymyzyň, emer-damarlarymyzyň ak öýlerde ulalyp, kemala gelendiklerini, şonuň üçin hem ak öýe türkmen maşgalasynyň mizemez ruhunyň siňendigini aňlatmaýarmy näme?! Belki, şondandyr, nirede görseňem ak öý gözümize yssy görünýär. Ak öýli howlynyň deňinden ýöräp barýarkaň, aýaklaryň ädimi haýallap, gözleriň öňünden geçen-u-geljek günleriň kerweni hatar gurap, birin-birin, yzly-yzyna, bir zynjyra düzülip geçiberýär. Paýhasly pederlerimiziň almaz deýin ýiti zehininden, mähir-muhabbetinden dörän ak öýleriň adamzat durmuşy üçin ilkinji zerurlyk bolandygyny taryhyň sahypalary hem, durmuş hem subut edýär. Bu öýleriň döreýiş taryhy öz gözbaşyny biziň eýýamymyzyň birinji müňýyllygyndan alyp gaýdýar. Gündogar Aziýa sebitleriniň çarwa halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanan ak öýler soňky bäş-on asyryň dowamynda Ýewropa çenli baryp ýetipdir. Bu öýleriň birnäçe görnüşi bolup, olaryň içinde türkmen ak öýleri agaç ussalarynyň agajy işläp bejermekdäki ussatlygy bilen tapawutlanypdyr. Mysal üçin, mongollaryň guran öýleriniň üçegini birikdirmek üçin göni agaçlar ulanylypdyr. Şonuň üçin mongol ak öýleriniň depesi – üçegi ýapgyt görnüşinde, çadyr şekilli bolupdyr. Türkmen ak öýleriniň üçegini b

Käbämiziň mähiri siňen gymmatlyklar

Mälim bolşy ýaly, 3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň sarpalanýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu nepis sungatyň ägirt uly ähmiýete eýediginiň ykrarnamasydyr. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň öz mähriban gaýynenesiniň aýdan paýhasly sargytlary barada gürrüň bermegi bu waka aýratyn ýakymlylyk çaýdy. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken. Bularyň ählisi käbämiz Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşen mähriban ynsan bolandygyny görkezýär.

Maslahat geçirildi

7-nji awgustda Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi, halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa ýakynda agtyklary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, mähriban gaýynenesi Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Soňra halypamyz agtyklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, bu mukaddes ojakda saklanýan gymmatlyklar bilen tanyşdy. Ussat halypanyň täze ýüwürdilen halynyň başyna geçip, alaja nagşyny çitip, darak kakmagy türkmen zenanlarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Maslahatda edilen çykyşlarda şular dogrusynda, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň el hünäriniň ösdürilmegine bagyşlan manyly ömrüniň ýaşlar üçin görelde mekdebidigi barada giňden gürrüň edildi.

Nebit geohimiýasynyň meşhur alymy

Türkmen topragynyň dürli künjeklerinde ähli heňňamlarda ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda il arasynda adygan, özüni meşhurlykda tanadan adamlar juda kän bolupdyr. Türkmenistanyň şeýle ýerleriniň biri-de gadymy ahal sebitleridir. Biziň gysgaça gürrüňini gozgamakçy bolýan şahsyýetimiz şu rysgally gözel mekanda dünýä inip, terbiýelenip, kemala gelip, ylmy işgär hökmünde nebitgaz pudagynyň ösüşine, bu ugurda alnyp barylýan derwaýys işlere saldamly goşant goşupdyr. Gurt Tegelekow 1933-nji ýylyň 8-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 2-nji Gökdepe obasynda dünýä inýär. Garyp maşgalada Gurt Myradowiçiň çagalyk ýyllaram, ýetginjeklik döwrem ýeňil geçmändir. Ilki dogduk obasynda başlangyç bilim, Gökdepede ýediýyllyk, soň Bäherdeniň, ahyrynda Aşgabadyň mekdep-internatynda orta bilim alýar. Gurduň ondan-oňa göçüp, okuw üçin jan çekişini göreniňde yhlasyny, ýanbermezligini duýmak kyn däl. Emma ol soň ýene bir bela uçraýar. Aşgabadyň mekdep-internatynda okap ýörkä, gijäniň bimahal çagty gopan tebigy betbagtçylyk (1948 ý.) ýaş Gurduň başyna ajal howpuny salýar. Şol agşam mekdep-internatdaky okuwçylaryň aglabasynyň ömür tanapy juwan ýaşda şarta kesilýär. Gurt bilen diňe bir otagda ýatan oglanlaryň dokuzysy gözüni ebedi ýumýar. Gurduň özi hem kesegiň aşagynda galýar. Onuň ýykan-ýumran kesegiň aşagyndan halas edilişini uly ogly, ömrüniň kyrk ýyldan gowragyny nebitgaz toplumynda zähmet çeki

Nepis sungat nesillere nusgalykdyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyna, gelin-gyzlarymyzyň zehin başarnygyndan dörän çeper el işlerine ýokary derejede hormat goýulýar. Munuň şeýledigini golaýda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şu taryhy ähmiýetli waka mynasybetli 5-nji awgustda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi.

Nesillere nusgalyk miras

Türkmen halky gadymdan bäri milli gymmatlyklaryny gorap, nesilden-nesle ýetiren halk. Milli keşdeçilik sungaty, has takygy, türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmeniň nusgalyk zenany Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösmegine, kämilleşmegine bagyşlady. Mälim bolşy ýaly, 3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülendiginiň beýanydyr.

Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalary Döwlet muzeýine sowgat berildi

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Ogulgerek Berdimuhamedowa, ilki bilen, özüniň mähriban gaýynenesiniň zenan mertebesine aýratyn ähmiýet berendigi, şunda el hünäriniň gelin-gyzlar üçin asylly ýörelgä öwrülmelidigi barada aýdan paýhasly sargytlary barada gürrüň berdi. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken. Bularyň ählisi durmuş ýoly görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşmek barada gymmatly maslahatlary berendigini görkezýär.

«Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine sowgat bermegi bilen baglanyşykly guraldy. Dabaraly çäre, milli mirasymyza, amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerine bagyşlanan ajaýyp sergi bilen başlady. Sergä ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ene-mamalarymyz, çeper elli gyz-gelinlerimiz özleriniň sungat eserleri bilen gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabaraly maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, şol sanda özboluşly görelde mekdebini döreden Ogulabat ejäniň elinden çykan milli gymmatlyklar häzirki döwürde dünýäde giňden meşhurdygyny bellediler. Aýratyn-da, türkmen zenanynyň döreden alajasynda gudratly, ruhy güýjüň bardygyny halypalar öz çykyşlarynda nygtadylar. Şeýle-de maslahatda Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Türkmen halysynyň milli muzeýine baranda haly dokamagyň aýratynlyklary, çitimleriniň inçeligi, uzak ýyllaryň dowamynda dokan halylary, haly gölleriniň her welaýata mahsus aýratynlygy, görkezen ussatlyk sapagy barada çykyş edenler belläp, şeýle nepis sungatyň ý

Sungata öwrülen alaja

Şu gün – 5-nji awgustda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň  binasynyň mejlisler jaýynda “Mähir siňen nepislik” atly maslahat geçirildi.  Maslahat ýakynda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowanyň  agtyklary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp,  mähriban gaýynenesiniň ören alajasy bilen şol alajany örmekde ulanylýan iş guralyny sowgat bermegi bilen baglanyşykly geçirildi.  Maslahatyň dowamynda eli hünärli ene-mamalarymyzyň her bir işi kämillik, sungat derejesine ýetirişi baradaky söhbetlere giň orun berildi.  Milli mirasymyz bolan alaja işmek, örmek eneden gyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Alaja türkmen milli mirasynyň ähli hünärleriniň içinden eriş-argaç  geçip, olary has-da bezeýär. Çykyşlarda bu ajaýyp sungatyň maşgalada edep-terbiýeli perzentleriň kemala gelmegindäki ornuna, gymmatyna ýokary baha berildi. Enelerimiziň zähmet siňdirip, sungat derejesine ýetiren alajasynyň gudraty barada söhbetler  edildi.  Alaja  türkmen zenanlarynyň ýürek söýgüsinden, köňül ylhamyndan, mährinden dörän sungatdyr. Maslahatda Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýoly, mähir siňdirip döreden el işleri türkmen zenanlary üçin görüm-göreldedir, durmuş mekdebidir diýip, çykyş edenler bellediler.

NESIL TERBIÝESI— HALKYŇ GYMMATLY MIRASY «ABRAÝ MIRASDA DÄL-DE, AKYL BILEN EDEPDEDIR»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda belleýşi ýaly, çagalarda döredijilik terbiýesini kemala getirmek üçin biz nämeler etmeli? Munuň üçin, ilki bilen, olara döredijilik terbiýesiniň manysyny, mazmunyny, meýdanyny doly kesgitläp bermeli. «Akyl sandyklaryndaky» depderleriň birinde şeýle sözler ýazylypdyr: «Perzendiňi tana! Onuň ukyp gençleriniň, zehin hazynalarynyň üstüni aç we peýdalan. Olaryň datly miwesinden ýygna we dadyr. Zehinli perzent nygmatdyr». Nesil terbiýesi hakynda gürrüň gozgalsa, hökmany suratda halkyň medeniýeti, onuň asyrlaryň dowamynda eşrepi deý aýap, gursagynda, hakydasynda apalan ruhy baýlygy hakynda hem söz açmaly bolar. Çünki terbiýe—bu nesilleriň baglanyşygy, geçmiş bilen geljegi birleşdirýän geçit, milletiň ruhy ahlak gymmatlyklarynyň jemidir. Her bir halk nesil terbiýesini öz urpadatlaryna, ygtykadyna we milli özboluşlylygyna mahsus ösdürýär, kämilleşdirýär. Nesil mirasdyr, edil şonuň ýaly, terbiýe mekdebini kämil görnüşde indiki nesillere geçirmek pederleriň borjudyr. Muňa IX asyrda Hazar deňziniň günorta kenarynda ýaşap geçen gilýanly KeýKowsuň ömrüniň ahyrynda ogly Gilanşaha ýüzlenip aýdan sözleriniň mysalynda has anyk göz ýetirmek mümkin: «Oglum, bilip goýgun, ynsanda şeýle bir häsiýet bardyr, ol durmuşda toplan iň gowy närselerini iň eý görýän adamlaryna goýup gitmäge jan edýär. Bu dün

Millilige sarpa

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi ýene-de bir ajaýyp gymmatlyk bilen baýlaşdyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  maşgalasy – halypamyz  Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyjaklary bilen  Ogulabat ejäniň  ören alajasyny  alaja agajy bilen bilelikde Döwlet muzeýine gowşurdy. Ýatdan çykmajak dabara gatnaşanlar, muzeýiň işgärleri gymmatlygy alna sylyp, guwanç bilen kabul etdiler. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal  Durdyýewa halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa  şeýle derejeli gymmatlyk  üçin türkmen zenanlarynyň adyndan  sagbolsunlaryny  ýetirdi. Soňra hormatly  halypa halyçy  öz agtyjaklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, bu mukaddes ojakda saklanýan gymmatlyklar bilen tanyşdy.  Hormatly myhman agtyklary bilen  muzeýde  täze ýüwürdilen  halynyň başyna geçip, alaja nagşyny çitip, darak  kakdylar.

Alym Arkadagymyzyň eserlerinde — Magtymguly

Şygryýet äleminiň ägirdi, türkmen halkynyň beýik şahyry, Magtymguly Pyragy özüniň umman ýaly çuň paýhasy we giň dünýägaraýşy bilen tutuş adamzat jemgyýetçiliginde mynasyp baha eýe bolan şahyrdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem özüniň ajaýyp eserlerinde şygryýet äleminiň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenip, «Akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassaçylygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we pelsepesidir» diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» eserinde we «Döwlet guşy» romanynda Magtymguly Pyragynyň täsiri has-da ýiti duýulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» eseriniň adynyň Magtymguly Pyragynyň «Atamyň», «Döwlet guşy» romanynyň adynyň bolsa «Ýör biläni» goşgusyndan alnan setirlerdigini, eserleriň epigraflarydyr bölümleriniň atlarynyň hem beýik Magtymgulynyň diwanlaryndaky setirlere degişlidigini bellemek hökmanydyr. Muňa mysal hökmünde, «Tälim beren ussadyňdan aýrylma», «Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar» ýa-da «Ozal akan ýerden akarmyş aryk», «Ýeldim tut!» we şuňa meňzeş setirleri ýatlamak bolar.

Çagalara dakylýan şaý-sepler

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Halkymyzda çagalara dakylýan şaý-sepler uly söýgi bilen döredilipdir. Çaga egin-eşikleri we başgaplary sünnälenip keşdelenipdir, käbirleri bölek matajyklardan owadan gurnalypdyr. Olar köplenç alajalar ýa-da ösümlikdir haýwanlaryň dürli şekiljikleri, tumarjyklar, kümüş teňňejikler bilen bezelipdir. Geliň, taryhymyzyň milli gymmatlyklary bolan çaga şaý-sepleriniň käbirleriniň atlary, aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň!

Dostluk çemeni

Magtymguly PYRAGY, türkmen nusgawy şahyry Bady-sabany görsem

Söz äleminiň öçmejek nury

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döreden dürdäne setirleriniň örän köp öwüşginlidigine we çuňňur pelsepä ýugrulandygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Geljek ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemeklige uludan taýýarlyk görülýär. «Türkmen şygryýeti» diýlende, Magtymguly Pyragy göz öňümize gelýär. Magtymguly Pyragy diýlende bolsa, türkmen şygryýeti hakydamyzda janlanýar. Beýik söz ussadynyň döwrüne çenli türki we türkmen dillerinde şygyr döreden Alyşir Nowaýy, Muhammet Fizuly, Ýunus Emre, Garajaoglan, Nyzamy Genjewi ýaly şahyrlaryň birnäçesi ýaşap geçipdir. Ýöne Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmeniň halky dili iň kämil görnüşde çeper beýan edilýär. Röwşen pikirlenmelere esaslanýan başlangyçlar, taryhy wakalar we rowaýatlar sada we düşnükli dilde, gysga setirlerde, çuňňur manyly röwüşde beýanyny tapýar. Bu barada şahyryň döredijiliginde:

Köpeltmek jedweliniň döreýiş taryhy

Matematiki amallarda giňden peýdalanylýan köpeltmek jedweli öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Gadymy Müsürde has irki döwürlerde köpeltmek hasaby ulanylyp başlanypdyr. Müsürliler gaýtadan goşmak ýa-da yzygiderli iki esse artdyrmak arkaly köpeltmegi ýerine ýetiripdirler. Wawilonda sanlar köpeldilende, ýörite jedwelden peýdalanypdyrlar. Gadymy Hindistanda sanlary köpeltmegiň dürli usullary ulanylypdyr. Bu usullar häzirki döwürdäki köpeltmek hasaplaryna örän ýakyndyr. Hindiler sanlary köpeltmekde ýokarky hatarlaryndan başlap, amaly ýerine ýetiripdirler. Şol bir wagtyň özünde indiki amallar ýerine ýetirilýän wagtynda çalşylmaly sanlary bozup, onuň deregine köpeldilende, ýadynda saklaýan belgini goşupdyrlar. Şeýlelik bilen Hindistanyň matematikleri gysga köpeltmek hasaplamalary ýerine ýetirip, köpeltmek hasabyny ýazypdyrlar. Araplar köpeltmek usulyny hindilerden öwrenip, ony has kämilleşdiripdirler. Emma araplar sanlary bozman, olary kesipdirler we kesilenleriň üstünden täze belgini ýazypdyrlar. Bular häzirki wagtda mekdepde dürli hasaplama işlerini geçirenimizde ýerine ýetirýän hem-de bize tanyş bolan matematik amallardyr.

Halkyň paýhas hazynasynda aşpezlik däpleri

Ata-babalarymyz geçmişde özboluşlylygy we täsinligi bilen tapawutlanýan medeniýetleri döredip, dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşmagy başarypdyrlar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň medeniýetimiziň gadymy köklerine we aýratynlyklaryna bagyşlanan «Türkmen medeniýeti» atly gymmatly kitabynda belleýşi ýaly, «milletimiz bu milli miraslara öz paýhasyny hem zehinini, yhlasyny hem söýgüsini siňdiripdir». Halk döredijiliginiň eserlerinde pederlerimiziň ynançlary, däp-dessurlary, dünýägaraýşy öz beýanyny tapýar. Nakyllar we atalar sözleri, sanawaçlar, matallar, aýtgylar dilden-dile, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde hem halk arasynda giňden ulanylýar. Halk döredijiliginiň eserleri türkmen halkynyň geçmişini, maddy we ruhy medeniýetini öwrenmekde möhüm çeşme bolup durýar. Jemgyýetiň ösmegi, ýaşaýyşdyr durmuş şertleriniň kämilleşmegi bilen halkyň paýhas hazynasynda duş gelýän käbir sözler kem-kemden ulanyşdan galyp barýar. Biz hem şu makalamyzda iýmit ulgamy, aşpezlik däpleri bilen baglanyşykly halk döredijiliginiň eserlerinde duş gelýän käbir sözleriň we söz düzümleriniň üstünde durup geçmegi makul bildik.