Nesillere nusgalyk miras

6 Awgust 2023
428

Türkmen halky gadymdan bäri milli gymmatlyklaryny gorap, nesilden-nesle ýetiren halk. Milli keşdeçilik sungaty, has takygy, türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmeniň nusgalyk zenany Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösmegine, kämilleşmegine bagyşlady.

Mälim bolşy ýaly, 3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülendiginiň beýanydyr.

Leýli REJEPOWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň muzeý gymmatlygynyň hasaba alyş saklanyş bölüminiň esasy hünärmeni.