Halkyň paýhas hazynasynda aşpezlik däpleri

2 Awgust 2023
654

Ata-babalarymyz geçmişde özboluşlylygy we täsinligi bilen tapawutlanýan medeniýetleri döredip, dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşmagy başarypdyrlar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň medeniýetimiziň gadymy köklerine we aýratynlyklaryna bagyşlanan «Türkmen medeniýeti» atly gymmatly kitabynda belleýşi ýaly, «milletimiz bu milli miraslara öz paýhasyny hem zehinini, yhlasyny hem söýgüsini siňdiripdir».

Halk döredijiliginiň eserlerinde pederlerimiziň ynançlary, däp-dessurlary, dünýägaraýşy öz beýanyny tapýar. Nakyllar we atalar sözleri, sanawaçlar, matallar, aýtgylar dilden-dile, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde hem halk arasynda giňden ulanylýar. Halk döredijiliginiň eserleri türkmen halkynyň geçmişini, maddy we ruhy medeniýetini öwrenmekde möhüm çeşme bolup durýar. Jemgyýetiň ösmegi, ýaşaýyşdyr durmuş şertleriniň kämilleşmegi bilen halkyň paýhas hazynasynda duş gelýän käbir sözler kem-kemden ulanyşdan galyp barýar. Biz hem şu makalamyzda iýmit ulgamy, aşpezlik däpleri bilen baglanyşykly halk döredijiliginiň eserlerinde duş gelýän käbir sözleriň we söz düzümleriniň üstünde durup geçmegi makul bildik.

Maýa BEKNAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.