«Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi

5 Awgust 2023
855

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine sowgat bermegi bilen baglanyşykly guraldy. Dabaraly çäre, milli mirasymyza, amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerine bagyşlanan ajaýyp sergi bilen başlady. Sergä ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ene-mamalarymyz, çeper elli gyz-gelinlerimiz özleriniň sungat eserleri bilen gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabaraly maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, şol sanda özboluşly görelde mekdebini döreden Ogulabat ejäniň elinden çykan milli gymmatlyklar häzirki döwürde dünýäde giňden meşhurdygyny bellediler. Aýratyn-da, türkmen zenanynyň döreden alajasynda gudratly, ruhy güýjüň bardygyny halypalar öz çykyşlarynda nygtadylar.

Şeýle-de maslahatda Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Türkmen halysynyň milli muzeýine baranda haly dokamagyň aýratynlyklary, çitimleriniň inçeligi, uzak ýyllaryň dowamynda dokan halylary, haly gölleriniň her welaýata mahsus aýratynlygy, görkezen ussatlyk sapagy barada çykyş edenler belläp, şeýle nepis sungatyň ýaş nesillerimizde milli mirasymyza bolan söýgini oýarýandygy bellenildi.

«Diýar»