Nesil terbiýesi — mukaddes iş

25 Iýun 2023
1126

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesillere ylym, bilim öwretmekde, olarda ahlak sypatlaryny kemala getirmekde möhüm işler durmuşa geçirilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almaklary, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzy buýsandyrýar.

Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri terbiýeçilik işine möhüm ähmiýet berlipdir. Şunda ýaşuly nesilleriň öwütdir ündewleri ýaşlar üçin bahasyz baýlyk bolupdyr. Halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebi bolan «Kowusnama», «Oguznama» ýaly eserlerinde «Görogly» şadessanynda hem beýan edilýän öwüt-ündewler nesil terbiýesinde giňden ulanylypdyr.

Tirkeş JUMADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.