Nebit geohimiýasynyň meşhur alymy

7 Awgust 2023
384

Türkmen topragynyň dürli künjeklerinde ähli heňňamlarda ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda il arasynda adygan, özüni meşhurlykda tanadan adamlar juda kän bolupdyr. Türkmenistanyň şeýle ýerleriniň biri-de gadymy ahal sebitleridir. Biziň gysgaça gürrüňini gozgamakçy bolýan şahsyýetimiz şu rysgally gözel mekanda dünýä inip, terbiýelenip, kemala gelip, ylmy işgär hökmünde nebitgaz pudagynyň ösüşine, bu ugurda alnyp barylýan derwaýys işlere saldamly goşant goşupdyr.

Gurt Tegelekow 1933-nji ýylyň 8-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 2-nji Gökdepe obasynda dünýä inýär. Garyp maşgalada Gurt Myradowiçiň çagalyk ýyllaram, ýetginjeklik döwrem ýeňil geçmändir. Ilki dogduk obasynda başlangyç bilim, Gökdepede ýediýyllyk, soň Bäherdeniň, ahyrynda Aşgabadyň mekdep-internatynda orta bilim alýar. Gurduň ondan-oňa göçüp, okuw üçin jan çekişini göreniňde yhlasyny, ýanbermezligini duýmak kyn däl. Emma ol soň ýene bir bela uçraýar. Aşgabadyň mekdep-internatynda okap ýörkä, gijäniň bimahal çagty gopan tebigy betbagtçylyk (1948 ý.) ýaş Gurduň başyna ajal howpuny salýar. Şol agşam mekdep-internatdaky okuwçylaryň aglabasynyň ömür tanapy juwan ýaşda şarta kesilýär. Gurt bilen diňe bir otagda ýatan oglanlaryň dokuzysy gözüni ebedi ýumýar. Gurduň özi hem kesegiň aşagynda galýar. Onuň ýykan-ýumran kesegiň aşagyndan halas edilişini uly ogly, ömrüniň kyrk ýyldan gowragyny nebitgaz toplumynda zähmet çekip, häzir dynç alşa çykan Gaýypnazar aga şeýle gürrüň berdi:

Mämmet MÄMMEDOW,
«Nebit-gaz».