Käbämiziň mähiri siňen gymmatlyklar

8 Awgust 2023
702

Mälim bolşy ýaly, 3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň sarpalanýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu nepis sungatyň ägirt uly ähmiýete eýediginiň ykrarnamasydyr.

Ogulgerek Berdimuhamedowanyň öz mähriban gaýynenesiniň aýdan paýhasly sargytlary barada gürrüň bermegi bu waka aýratyn ýakymlylyk çaýdy. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken. Bularyň ählisi käbämiz Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşen mähriban ynsan bolandygyny görkezýär.

«Türkmen dünýäsi».