Söz äleminiň öçmejek nury

2 Awgust 2023
561

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döreden dürdäne setirleriniň örän köp öwüşginlidigine we çuňňur pelsepä ýugrulandygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Geljek ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemeklige uludan taýýarlyk görülýär.

«Türkmen şygryýeti» diýlende, Magtymguly Pyragy göz öňümize gelýär. Magtymguly Pyragy diýlende bolsa, türkmen şygryýeti hakydamyzda janlanýar. Beýik söz ussadynyň döwrüne çenli türki we türkmen dillerinde şygyr döreden Alyşir Nowaýy, Muhammet Fizuly, Ýunus Emre, Garajaoglan, Nyzamy Genjewi ýaly şahyrlaryň birnäçesi ýaşap geçipdir. Ýöne Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmeniň halky dili iň kämil görnüşde çeper beýan edilýär. Röwşen pikirlenmelere esaslanýan başlangyçlar, taryhy wakalar we rowaýatlar sada we düşnükli dilde, gysga setirlerde, çuňňur manyly röwüşde beýanyny tapýar. Bu barada şahyryň döredijiliginde:

Dursun JUMAÝEWA,
Halaç etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.