Türkmeniň ak öýi – ak bagtyň nury

8 Awgust 2023
542

Türkmen obalaryny ak öýsüz göz öňüne getirmek mümkin däl. Häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş şertlerinde-de şarňyldap duran jaýynyň ýanyndan ak gümmez ýaly ak öýi gurýan hojalyklar az däl. Eýsem, munuň özi ata-babalarymyzyň, emer-damarlarymyzyň ak öýlerde ulalyp, kemala gelendiklerini, şonuň üçin hem ak öýe türkmen maşgalasynyň mizemez ruhunyň siňendigini aňlatmaýarmy näme?! Belki, şondandyr, nirede görseňem ak öý gözümize yssy görünýär. Ak öýli howlynyň deňinden ýöräp barýarkaň, aýaklaryň ädimi haýallap, gözleriň öňünden geçen-u-geljek günleriň kerweni hatar gurap, birin-birin, yzly-yzyna, bir zynjyra düzülip geçiberýär.

Paýhasly pederlerimiziň almaz deýin ýiti zehininden, mähir-muhabbetinden dörän ak öýleriň adamzat durmuşy üçin ilkinji zerurlyk bolandygyny taryhyň sahypalary hem, durmuş hem subut edýär. Bu öýleriň döreýiş taryhy öz gözbaşyny biziň eýýamymyzyň birinji müňýyllygyndan alyp gaýdýar. Gündogar Aziýa sebitleriniň çarwa halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanan ak öýler soňky bäş-on asyryň dowamynda Ýewropa çenli baryp ýetipdir. Bu öýleriň birnäçe görnüşi bolup, olaryň içinde türkmen ak öýleri agaç ussalarynyň agajy işläp bejermekdäki ussatlygy bilen tapawutlanypdyr. Mysal üçin, mongollaryň guran öýleriniň üçegini birikdirmek üçin göni agaçlar ulanylypdyr. Şonuň üçin mongol ak öýleriniň depesi – üçegi ýapgyt görnüşinde, çadyr şekilli bolupdyr. Türkmen ak öýleriniň üçegini birikdirmek üçin suwda ýa-da bugda egreldilen agaçlar uk hökmünde ulanylypdyr. Bu bolsa ak öýlere gümmez şekilini beripdir. Şonuň ýaly-da, türkmen ussalary tärim, çagaryk üçin gara we ak söwütleriň tallaryny, hadalaryny ulanypdyrlar. Çünki bu agaçlaryň tallary ak öýleri gurmakda isledigiňçe egmäge, ýaý kimin bükmäge has amatly bolupdyr. Tärimi gözenek görnüşinde ýasamak üçin göçüp-gonulanda üzülmeýän, ýenjilmeýän, poslamaýan, üstesine-de, maýyşgak, başgaça aýtsak, ak öýüň ömri bilen ömürdeş serişde gerek bolupdyr. Öý ussalary bu meseläniň hem çykalgasyny tapypdyrlar. Munuň üçin iki hadanyň birleşýän ýerini ujy çiş görnüşindäki demri gyzdyryp ot bilen deşipdirler. Soňra söwüş edilen uly malyň duzlanyp, eýlenen derisini edil ýaňky deşikden ötäýer ýaly edip, inçejik gyýypdyrlar we tärimiň agaçlaryny berkidipdirler. Ak öýleri gurýan agaç ussalarynyň aýtmaklaryna görä, kä halatlarda tärimi birikdirmek üçin dowar malynyň içegeleri hem ulanylypdyr. Tärim bilen öýüň üçegini – tüýnügini emele getirýän tegelek görnüşli çagaryga birikdirmek üçin bolsa, hemmesi birmeňzeş egrelen, birmeňzeş uzynlykdaky uklary peýdalanypdyrlar. Şeýlelikde, ak öýüň bitewi gurluşy emele gelipdir. Öýüň girelgesini iň berk agaçlardan ýüzi oýulyp bejerilen we iki tarapyna açylýan gapylary goýup, türkmen ussalary ak öýleriň gelşigini has-da artdyrypdyrlar.

Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».