Iki gymmatlygyň aýrylmaz baglanyşygy
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirýär, bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatlarynyň netijesinde Türkmenistanyň daşary syýasatyna aýratyn işjeňlik ýagdaýy mahsus. Bu ýagdaýy daşary syýasat edarasy hem-de onuň degişli düzümleri tarapyndan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýasynyň has döwrebap hem-de ýörgünli usullarynyň giňden peýdalanylýandygy hem-de iş ýüzünde ornaşdyrylýandygy bilen düşündirse bolar. Ýurt Baştutanymyzyň sebit we halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary umumadamzat bähbitlerinden ugur almak bilen, halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasat başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligi yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň milli kanunçylyk esaslary Esasy Kanunymyzyň 2-nji we 9-njy maddalaryndaky konstitusion kadalarda göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Türkmenistanyň